Alfa Romeo-nyň ilkinji elektromobili 2024-nji ýylda çykar

Alfa Romeo-nyň ilkinji elektromobili 2024-nji ýylda çykar

Alfa Romeo-nyň ilkinji doly derejeli elektrik modeli 2024-nji ýylda çykar. Bu Brennero atly kiçijik krossower bolar diýip, italýan markasynyň başlygy Žan-Filipp Imparato salgylanyp, Automotive News Europe neşiri ýazýar. Ol haryt hatarynda ýakynda hödürlenen Tonale-den bir basgançak aşakda ýerleşer.

Brennero STLA Small platformasynda gurnalar. Bu platforma PSA fransuz topary Stellantis birleşigine girmänkä, CMP hökmünde bellidi. Batareýa wersiýasyndan daşary täze awtoulag ýangyç görnüşini hem alar. Bu “Alfanyň” önümçiligi Polşadaky zawodda generasiýa üýtgedilende STLA Small platformasyna geçiriljek geljekki Jeep Renegade we Fiat 500X bilen ugurdaş ýola goýlar.

2025-nji ýylda Alfa Romeo-da içerki ýangyç hereketlendirijili meňzeşi bolmadyk ilkinji elektromobil peýda bolar. Şondan soň brendiň täze önümleriniň ählisi doly elektrik bolar, 2027-nji ýyla çenli bolsa kompaniýa içerki ýangyç hereketlendirijili awtoulaglary önümçilikden aýrar.

Ýene degişli makalalar

Red Bull-dan Peres Singapuryň Gran-prisinde ýeňiji boldy, Werstappen ýedinji
Arkadag şäherinde JAC E-J7 elektromobiller hereket eder
Arkadag şäheri elektromobiller we tok beriji beketler bilen üpjün edildi
Ýylyň ilkinji awtosergisi
Dünýädäki iň uly iki awtoulag öndürijileri birleşdi
“Opel” Germaniýadaky esasy awtoulag sergisine gatnaşyp bilmez