Arkadag şäheri elektromobiller we tok beriji beketler bilen üpjün edildi

Arkadag şäheri elektromobiller we tok beriji beketler bilen üpjün edildi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň buýurmasy boýunça häzirki wagtda “Paýhas Merkezi” hojalyk jemgyýeti Arkadag şäherini “JAC MOTORS” kompaniýasyndan kuwwatlylygy 60 kW bolan 10 sany JAC E-J7 elektrik ulagy we 5 sany tok beriji bekedi bilen üpjün etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, ulaglaryň bu modeli şäher taksisi hökmünde ulanmak üçin niýetlenilip, olar özüne çekiji dizaýna eýedir.

Şeýle hem ulaglaryň “Alfa Romeo”, “Lancia” we “Maserati” görnüşlerini döreden meşhur italiýan dizaýneri Daniel Galone bu awtoulaglaryň döredilmeginiň üstünde işledi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habaryna görä, JAC E-J7 elektrik awtoulagy häzirki zaman talaplarynyň hemmesine laýyk gelýär we olar panoramik lýuk, arka tarapy görkezýän hem-de ýygnalýan aýna, yzky kamera, kruiz dolandyryşy we 10,4 dýumlyk multimediýa duýgur ekran bilen üpjün edilendir.

“JAC MOTORS” häzirki zaman, ýokary tehnologiýaly kärhana bolmak bilen, Hytaýyň iň uly on awtoulag öndürijisiniň biridir.

“Paýhas Merkezi” kärhanasy türkmen bazaryna JAC awtoulaglarynyň ilkinji toplumyny hödürledi we ýakyn wagtda içerki awtoulag bazarynyň talaplaryna laýyklykda öz işlerini giňeltmegi meýilleşdirýär.

Ýene degişli makalalar

Arkadag şäherinde JAC E-J7 elektromobiller hereket eder
Red Bull-dan Peres Singapuryň Gran-prisinde ýeňiji boldy, Werstappen ýedinji
Ýylyň ilkinji awtosergisi
Formula 1-iň sürüjileri näçe hak alýar?!
Dünýädäki iň uly iki awtoulag öndürijileri birleşdi
Formula 1-iň sürüjileri näçe gazanýarlar?