Red Bull-dan Peres Singapuryň Gran-prisinde ýeňiji boldy, Werstappen ýedinji

Red Bull-dan Peres Singapuryň Gran-prisinde ýeňiji boldy, Werstappen  ýedinji

Red Bull-yň meksikaly sürüjisi Serhio Peres Formula-1 çempionatynyň 17-nji tapgyry bolan Singapuryň Gran-prisinde ýeňiji boldy. Ýaryş Singapuryň şäher ýolunda geçirildi.

Peres üçin bu ýeňiş karýerasynda dördünji boldy.Ikinji we üçünji orunlary Ferrariniň sürüjileri Şarl Lekler we Karlos Saýns eýeledi. Ýedi gezek dünýä çempiony Lýuis Hemilton (“Mersedes”) pellehana dokuzynjy bolup geldi.

Möwsümiň lideri niderlandly Maks Werstappen bolsa (“Red Bull”) ýedinji orny eýeledi.Ilkinji onluga şular hem girdi: 4.Lando Norris (“Maklaren”); 5.Daniel Rikkýardo (“Maklaren”); 6.Lens Stroll (“Aston Martin”); 8.

Sebastýan Fettel (“Aston Martin”), 10.Pýer Gasli (“Alfa Romeo”). Ýaryşyň başlanmagy ýagyş sebäpli bir sagatdan gowrak wagt gijä galdy.Sürüjileriň ýaryşdan çykmagy sebäpli birnäçe gijikdirmeler bilen baglylykda ýaryş zerur aýlaw sany bilen gutarman, wagt boýunça tamamlandy.

Indiki tapgyr 7 9-njy oktýabrda Ýaponiýanyň “Suzuka” ýolunda geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Maks Werstappen ABŞ-nyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy
Werstappen Italiýanyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy
35 ýyllyk rekord täzelendi
10 ýaryşdan soň ýeňiji üýtgedi
Formula-1-iň şu möwsümde iň köp jerime alan sürüjisi belli boldy
Mersedes möwsümde ilkinji gezek dubl etdi