Mersedes möwsümde ilkinji gezek dubl etdi

Mersedes möwsümde ilkinji gezek dubl etdi

Aşgabat wagty bilen 13-nji noýabrdan 14-ne geçilen gije Formula-1 boýunça möwsümiň 21-nji ýaryşy bolan Braziliý Gran-prisi geçirildi. 71 aýlawdan ybarat bolan bu ýaryşda Mersedesiň piloty Jorj Rassel pellehana hemmeden öň gelip, karýerasyndaky ilkinji ýeňşini gazandy.

Ikinji orna, bellenen aralyk üçin ýeňijiden 1,5 sekunt köp wagt sarp eden, Rasseliň topardaşy Lýuis Hemilton mynasyp boldy. Şeýlelikde, Mersedes topary bu möwsümde ilkinji gezek dubl etmegi başardy.

Braziliýanyň Gran-prisinde güýçli üçlügi Ferrariniň piloty Karlos Saýns jemledi.

Braziliýanyň Gran-prisinden soň şahsy hasapda Maks Ferstappen (Red Bull) 429 utuk bilen birinji orunda barýar. Ikinji orun Şarl Leklere (Ferrari) degişli bolup, onuň hasabynda 290 utuk bar. Üçünji ýerde edil şonça utuk toplan Serhio Peres (Red Bull) ýerleşdi.

Konstruktorlaryň arasyndaky ýaryşda Red Bull 719 utuk bilen liderligi özünde saklaýar. Ikinji orundaky Ferraride 524, üçünji ýerdäki Mersedesde 505 utuk bar.

Ýene degişli makalalar

Werstappen Italiýanyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy
Meksika Gran-prisi: Ferstappenden rekordly ýeňiş
Maks Werstappen ABŞ-nyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy
Karlos Saýns Beýik Britaniýanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy
Ferstappen möwsümi ýeňiş bilen tamamlady
Ferstappen Awstraliýa Gran-prisiniň saýlama tapgyrynda ýeňiji boldy