Formula ― 1: Azerbaýjanda iň ýyndam Ferstappen boldy

Formula ― 1: Azerbaýjanda iň ýyndam Ferstappen boldy

Red Bull toparynyň wekili Maks Ferstappen Formula-1-iň Azerbaýjan Gran-Prisiniň ýeňijisi boldy.

Ikinji orny onuň topardaşy Serhio Peres eýeledi. Mersedesiň sürüjisi Jorj Rassel bolsa pellehanadan üçünji bolup geçdi.

Ferrariniň sürüjileriniň ikisi hem (Şarl Lekler we Karlos Saýns) tehniki näsazlyklar sebäpli pellehana ýetip bilmediler. Şeýle hem Kewin Magnussen (Haas), Lens Strol (Aston Martin) we Guanýuý Çžou (Alfa Romeo) dagylar hem ýaryşy ahyryna çenli dowam etdirip bilmedik sürüjilerdir.

Şeýlelikde, 24 ýaşly Ferstappen möwsümde bäşinji gezek ýeňiş gazandy. Onuň karýerasyndaky ýeňişleriň sany bolsa 25-e ýetdi.

Ýene degişli makalalar

Karlos Saýns Beýik Britaniýanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy
Werstappen Italiýanyň Gran-Pri-sinde Lýuis Hemiltondan öňe geçip, birinji boldy
Red Bull-dan Peres Singapuryň Gran-prisinde ýeňiji boldy, Werstappen ýedinji
Werstappen Belgiýanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy
Werstappen Formula-1-iň bassyr ikinji tapgyrynda ýeňiş gazandy
Maks Werstappen ABŞ-nyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy