Karlos Saýns Beýik Britaniýanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy

Karlos Saýns Beýik Britaniýanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy

“Ferrari” toparynyň sürüjisi Karlos Saýns “Formula-1” dünýä çempionatynyň onunjy tapgyry bolan Beýik Britaniýanyň Gran-prisinde birinji orny eýeledi. Ikinji orny “Red Bulluň” sürüjisi Serhio Peres (+3,779 sekunt yza galyş), üçünji orny “Mersedesden” Lýuis Hemilton (+6,225) eýeledi.

Saýns karýerasynda ilkinji ýeňşini gazandy, mundan öň onuň iň gowy netijesi 2020-nji ýylda Italiýanyň Gran-prisinde ikinji orny eýelemegi boldy.Pellehana 20 sürüjiden bary-ýogy 14-üsi ýetdi.

Birinji aýlawda bäş ulag çaknyşdy, netijede Jorj Rassel (“Mersedes”), Guanýuý Çžou (“Alfa Romeo”) we Aleksandr Albon (“Williams”) ýaryşdan çykdy. Çžou bilen Albon barlagdan geçirmek üçin lukmançylyk merkezine iberildi. Şeýle-de, tehniki näsazlyk sebäpli Waltteri Bottas (“Alfa Romeo”, 21-nji aýlawda çykdy), Pýer Gasli (“Alfa Tauri”, 27) we Esteban Okon (“Alpin”, 39) pellehana ýetip bilmedi. Çempionatyň jedwelinde “Red Bulluň” sürüjisi Maks Ferstappen birinji orunda ýerleşýär, onuň 181 utugy bar.

Ikinji orny Peres (147 utuk), üçünji orny Lekler (138) eýeleýär.Konstruktorlaryň kubogynda “Red Bull” öňdebaryjydyr (328), “Ferrari” ondan 63 utuk yzda. Çempionatyň indiki tapgyry Awstriýanyň Gran-prisi bolup, 8 10-njy iýulda geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Red Bull-dan Peres Singapuryň Gran-prisinde ýeňiji boldy, Werstappen ýedinji
Werstappen Belgiýanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy
Formula-1-iň şu möwsümde iň köp jerime alan sürüjisi belli boldy
Formula ― 1: Azerbaýjanda iň ýyndam Ferstappen boldy
Mersedes möwsümde ilkinji gezek dubl etdi
Werstappen Italiýanyň Gran-Pri-sinde Lýuis Hemiltondan öňe geçip, birinji boldy