Ferrariden Lekler Formula-1-de Awstraliýanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy

Ferrariden Lekler Formula-1-de Awstraliýanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy

"Ferrari" toparynyň sürüjisi, monakoly Şarl Lekler 2022-nji ýylyň möwsüminde "Formula-1" klassly ulaglaryň ýaryşy boýunça dünýä çempionatynyň üçünji tapgyrynda - Awstraliýanyň Gran-pri baýragyny almak ugrundaky ýaryşda ýeňiş gazandy. Awtoulag ýaryşy ýekşenbe güni Melburnda "Albert-Park" trassasynda geçdi.

Lekler 1 minut 20,260 sekuntda iň oňat aýlawyny etdi. "Red Bullyň" meksikaly sürüjisi Serhio Peres (20,524 sekunt yza galdy) ikinji ýeri eýeledi, üçünji bolup "Mersedesiň" sürüjisi, britaniýaly Jorj Rassell (+25,593) geldi.

Bu Lekleriň möwsümdäki ikinji ýeňşi we karýerasyndaky birinji "uly tuwalgasydyr" (kwalifikasiýada we ýaryşda utdy, badalgadan pellehana çenli öňdeligi elden bermedi, şeýle hem aýlawda iň oňat netije görkezdi).

Ikinji gelen, dünýäniň çempiony, niderlandly Maks Werstappen 39-njy aýlawda hereketlendirijide näsazlyk ýüze çykandygy sebäpli ýaryşdan aýrylmaga mejbur boldy. Ondan öň awariýa sebäpli "Aston Martin" toparynyň sürüjisi nemes Sebastýan Fettel we "Ferrariden" ispaniýaly Karlos Saýns çapyşykdan çykypdylar.

Lekler üç çapyşygyň jemi boýunça umumy hasapda öňdebaryjy hasaplanýar, onuň hasabynda 71 utuk bar. Rassel ikinji ýerde (37), Saýns üçünji ýerde (33) durýar. Indiki Emiliýa-Romanýiniň Gran-pri tapgyry Italiýada 22-24 aprel aralygynda geçer.

Ýene degişli makalalar

Formula-1-iň şu möwsümde iň köp jerime alan sürüjisi belli boldy
Mersedes möwsümde ilkinji gezek dubl etdi
Karlos Saýns Beýik Britaniýanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy
Werstappen Emiliýa-Romanýanyň Gran-prisiniň sprint ýaryşynda ýeňiji boldy
Werstappen Saud Arabystanynyň Gran-prisinde ýeňiji boldy
Şumaher, Fanhio, Wettel, Hamilton dagynyň hataryna goşuldy