Werstappen Emiliýa-Romanýanyň Gran-prisiniň sprint ýaryşynda ýeňiji boldy

Werstappen Emiliýa-Romanýanyň Gran-prisiniň sprint ýaryşynda ýeňiji boldy

“Red Bulluň” niderlandly sürüjisi Maks Werstappen “Formula-1” ulag klasyndaky awtoýaryşlar boýunça dünýä çempionatynyň dördünji tapgyry bolan Emiliýa-Romanýanyň Gran-prisiniň sprint ýaryşynda birinji orny eýeledi. Ýaryş Italiýanyň Imola şäherinde geçirildi.

Ikinji orny “Ferrariniň” sürüjisi Şarl Lekler, üçünji orny meksikaly Serhio Peres (“Red Bull”) eýeledi. Sprint ýaryşynda utuklar ýaryşyň jemi boýunça ilkinji sekiz sürüjä berilýär. Ýeňiji sekiz bal, pellehana sekizinji bolup gelen bir bal alýar. Ýekşenbe güni geçiriljek ýaryşda olar sprintdäki tertibi boýunça ýaryşa başlarlar. Sprint ýaryşy “Formula-1-de” geçen möwsümden bäri geçirilip, ol 100 km ýaryşdyr.

Dünýä çempionatynyň umumy sanawynda birinji orny Lekler (78 utuk) eýeleýär. Ikinji orunda onuň topardaşy Karls Saýns (38), üçünji orunda “Mersedesiň” britaniýaly sürüjisi Jorj Rassell (37) ýerleşýär. Häzirki dünýä çempiony Ferstappen bäşinji orny eýeleýär (33). Konstruktorlaryň kubogynda birinji orny Ferrari (116 utuk) eýeledi, ikinji orunda “Red Bull” (69), üçünji orunda “Mersedes” (65) ýerleşdi.

Ýene degişli makalalar

Ferrariden Lekler Formula-1-de Awstraliýanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy
Werstappen “Formula-1-de” Emiliýa-Romanýanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy
Formula-1-iň Italiýa tapgyry sil sebäpli ýatyryldy
Mersedes möwsümde ilkinji gezek dubl etdi
Formula ― 1: Azerbaýjanda iň ýyndam Ferstappen boldy
Maks Werstappen Azerbaýjanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy