Mýunheniň gümrükhanasy Şwarseneggere 35 müň ýewro jerime saldy

Mýunheniň gümrükhanasy Şwarseneggere 35 müň ýewro jerime saldy

Aktýor Arnold Şwarseneggeri Mýunheniň howa menzilinde gümrük barlagyndan geçenden soňra birnäçe sagat saklap, goýberdiler diýip, Bild neşirine salgylanýan Gazeta.ru ýazýar. Ondan ýanyndaky gymmatbaha Audemars Piguet goşar sagady üçin 26 müň, salgyt üçin 4 müň we jerime üçin 5 müň, jemi 35 müň ýewro talap etdiler.

Öň Şwarseneggeriň Bawariýanyň paýtagtyndan Awstriýanyň Kisbýuel şäherine Howa sammitine ugrandygy habar berlipdi. Aktýoryň Mýunheniň howa duralgasynda saklanmagynyň sebäbi onuň ýanyndaky Audemars Piguet kysymly gymmatbaha şweýsar goşar sagadydyr. Şwarsenegger ony haýyr-sahawat maksady bilen, söwda auksionynda satmak üçin alyp barýandygyny aýtsa-da, jerime tölemeli edildi.

Ýene degişli makalalar

Arnold Şwarseneggeriň ogly Called to Duty filminde baş keşpde surata düşdi
Şwarsenegger Ýyrtyjynyň täze bölüminde surata düşer
Žan-Klod wan Damm Kongo döwletiniň diplomatik pasportynyň eýesi boldy
Şwarsenegger aňtawçylar baradaky serialda surata düşer
Şwarseneggeriň öňki aýaly kazyýetiň üsti bilen onuň emläginiň ýarysyny alar
Žan-Klod wan Damm Kongo döwletiniň ilçi pasporty bilen magtandy