Mihail Gorbaçýow aradan çykdy

Mihail Gorbaçýow aradan çykdy

SSSR-iň ilkinji Prezidenti Mihail Gorbaçýow 92 ýaşynda aradan çykdy diýip, TASS habarlar gullugy düýn Moskwanyň Merkezi kliniki hassahanasynyň resmi beýanatyna salgylanyp habar berdi.

Mihail Gorbaçýow sowet we rus syýasy hem-de jemgyýetçilik işgäridi. Ol SSKP-niň MK-synyň baş sekretary wezipesinde 1985-1991-nji ýyllar aralygynda işledi. Şeýle-de 1990-1991-nji ýyllarda SSSR-iň birinji we ýeke-täk Prezidenti boldy.

1990-njy ýylda Gorbaçýow parahatçylyk ugry boýunça Nobel baýragyna, şeýle hem 300-den gowrak döwlet we jemgyýetçilik baýraklaryna, diplomlara, Hormat hatlaryna we tapawutlandyryş nyşanlaryna mynasyp boldy.

Gorbaçýowyň aradan çykmagy bilen bagly dünýä ýurtlarynyň döwlet Baştutanlary, görnükli syýasatçylardyr jemgyýetçilik işgärleri gynanç bildirdiler. Olaryň arasynda RF-niň Prezidenti Wladimir Putin, Fransiýanyň Prezidenti

Emmanuel Makron, Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Boris Jonson, Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursula Fon Der Lýaýen we beýlekiler bar.

Tanymal amerikan aktýory Arnold Şwarsenegger merhumy özüniň dosty hökmünde häsiýetlendirdi we Gorbaçýowyň gahryman hökmünde taryhda hemişelik galjakdygyny belledi.

Ýene degişli makalalar

Mýunheniň gümrükhanasy Şwarseneggere 35 müň ýewro jerime saldy
Şwarsenegger ýene-de “Terminator” bolar
Türkmenator: Berdimuhamedow atan okuny onluga düşürip, nyşana pyçak zyňyp baş gahrymana öwrülýär
“Terminator 6” surata düşüriler
Terminatoryň ýüregine operasiýa edildi...
Köp medeniýetli jemgyýet baýlykdyr