Arnold Şwarsenegger Netflix-iň täze seriýalynda baş keşbi janlandyrar

Arnold Şwarsenegger Netflix-iň täze seriýalynda baş keşbi janlandyrar

“Deadline”-iň ýazmagyna görä, serialda baş keşplerde Arnold Şwarseneggerden başga-da, “Lethal Weapon” şüweleňi arkaly tanalýan Monika Barbaro hem çykyş eder. Bu barada RBK habar berýär.

Serialyň sýužeti häzirlikçe gizlin saklanýar, ýöne onuň kakasy bilen gyzynyň başdan geçirmeleri hakda boljakdygy aýdylýar.Filmiň çykaryljak senesi hem heniz nämälim.Filmiň ssenarisini “The Sopranos" hem-de "Escape” filmlerinde işlän we häzirki wagtda Jek Riçer (Iňlis ýazyjysy Li Çaýldyň romanynyň gahrymany) hakyndaky serialyň önümçiligine gatnaşýan Nik Santora ýazýar. Şwarsenegger diňe bir baş keşbi janlandyrmak bilen çäklenmän, seriala prodýusserlik hem eder.

Aktýor 1994-nji ýyldaky “True Lies” filminde içalynyň keşbini janlandyrypdy. Şeýle hem, ol 2019-njy ýylda “Terminator: Dark Fate” fantastik filminde Skydance bilen hyzmatdaşlyk edipdi.Bilşimiz ýaly, Arnold Şwarsenegger Jeýms Kemeronyň “Terminator” filminiň meşhur aktýory.

Ol kino älemine sport gurşawyndan geldi: Şwarsenegger - bodibilding boýunça baýraklaryň ençemesiniň ýeňijisi we ýedi gezek "Jenap Olimpiýa", şeýle hem "Arnold Klassik" ýaryşynyň guramaçysy hökmünde ykrar edildi.

Ýene degişli makalalar

Şwarsenegger ýene-de “Terminator” bolar
“Terminator 6” surata düşüriler
Terminatoryň ýüregine operasiýa edildi...
"Terminatoryň" ýüregi operasiýa edildi
Terminator koronawirusa garşy sanjym etdirdi
Terminator-7-de Arnold Şwarsenegger zalym keşpde dolanyp biler