"Terminatoryň" ýüregi operasiýa edildi

"Terminatoryň" ýüregi operasiýa edildi

Kino sungatynda "Terminator" filmleri bilen has meşhur bolan 73 ýaşly Şwarsenegger ýürekden operasiýa geçirdi.

Aktýor Arnold Şwarsenegger ýürek operasiýasyndan soň, hassahanadan çykaryldy.Bu barada ol özüniň Twitterinde habar berdi diýip, Lenta.ru belläp geçýär.Aktýor şeýle operasiýalary öňem telim gezek geçirdi. Şwarseneggerde dogabitdi ýürek kemçiligi bar, bu zerarly tutuş ömrüniň dowamynda oňa emeli klapanlar zerur bolup durýar. Şeýle operasiýalary meşhur aktýor we syýasatçy 1997-nji we 2018-nji ýyllarda hem başdan geçiripdi. Şwarsenegger özüni örän gowy duýýandygyny we hatda hassahananyň ýerleşýän ýerinde - Kliwlendde gezelenç edendigini aýtdy.

Ol hassahananyň lukmanlaryna we şepagat uýalaryna minnetdardygyny mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Şwarsenegger ýene-de “Terminator” bolar
“Terminator 6” surata düşüriler
Terminatoryň ýüregine operasiýa edildi...
Arnold Şwarsenegger Netflix-iň täze seriýalynda baş keşbi janlandyrar
Terminator koronawirusa garşy sanjym etdirdi
Şwarsenegger ABŞ-da öýsüz weteranlar üçin ýaşaýyş jaýyna pul bagyşlady