Terminator koronawirusa garşy sanjym etdirdi

Terminator koronawirusa garşy sanjym etdirdi

Kaliforniýanyň öňki gubernatory, Respublikan partiýanyň agzasy, aktýor Arnold Şwarsenegger Los-Anjelesde koronawirusa garşy sanjym etdirendigi baradaky habar bilen Twitterinde paýlaşdy. Muny gazeta.ru ýetirýär.

73 ýaşly golliwudly aktýor uly sanjym ediş nokady döredilen “Dojers” stadionynda sanjym etdirdi.

Şeýle-de, 75 ýaşly aktýor Stiw Martiniň hem koronawirusa garşy sanjym alandygy belli boldy. Belläp geçsek, ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden kasam kabul ediş dabarasynda wezipä girişenden soň birinji aýyň ahyryna çenli federal häkimiýetleriň goldaw bermegi bilen ýurtda 100 sany sanjym merkezini döretmegi meýilleşdirýändigini aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Şwarsenegger ýene-de “Terminator” bolar
“Terminator 6” surata düşüriler
Terminatoryň ýüregine operasiýa edildi...
Arnold Şwarsenegger Netflix-iň täze seriýalynda baş keşbi janlandyrar
Terminator-7-de Arnold Şwarsenegger zalym keşpde dolanyp biler
Arnold Şwarseneggeriň iň söýgüli filmi...