“Terminator 6” surata düşüriler

Köpüň söýgüsini gazanan meşhur “Terminator” filminiň 6-njysy surata düşüriler.Bu barada filmiň prodýuseri, tanymal režissýor Jeýms Kameron gürrüň berýär.Onuň bellemegine görä, täze filmdäki wakalar 12-nji kinolardaky hadysalaryň dowamy bolar. “Terminator 6” ady bilen ekranlara çykaryljak kino 2019-njy ýylyň 26-njy iýulynda halk köpçüliginiň dykgatyna ýetiriler.

Täze goýberilişde baş keşbi ýene-de ussat aktýor Arnold Şwarsenegger janlandyrar. 12-nji kinolarda Sara Konnoryň keşbini janlandyran Linda Hamilton hem täze filmde surata düşer.Eýýämden tomaşaçylaryň üns merkezine ornaşan täze filme “Terminator 2”-ni ekranlaşdyran Tim Milleriň režissýorlyk etmegine garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Şwarsenegger ýene-de “Terminator” bolar
Şwarsenegger ABŞ-da öýsüz weteranlar üçin ýaşaýyş jaýyna pul bagyşlady
Arnold Şwarseneggeriň iň söýgüli filmi...
Terminator-7-de Arnold Şwarsenegger zalym keşpde dolanyp biler
Terminator koronawirusa garşy sanjym etdirdi
Arnold Şwarsenegger Netflix-iň täze seriýalynda baş keşbi janlandyrar