02.02.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriniň netijeleri, döwletimiziň içeri syýasatynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi.Wise-premýer ýurdumyzyň daşary işler ministrligi tarapyndan şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe netijeli halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça maksadalaýyk işler geçirildi. Ýokary derejede geçirilen gepleşikler hem-de duşuşyklar halkara hyzmatdaşlygynda möhüm orun eýeleýär. Ýylyň başyndan bäri Türkmenistanda we onuň çäklerinden daşarda Daşary işler ministrlikleriniň arasynda ikitaraplaýyn maslahatlaşmalaryň birnäçesi hem-de Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. 29 — 31-nji ýanwarda Aşgabatda Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň müdiriýetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirmek babatda Daşary işler ministrliginiň we ýurdumyzyň diplomatlarynyň öňünde duran esasy wezipelere ünsi çekip, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, abraýly sebit we halkara guramalaryň hem-de düzümleriň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin bar bolan mümkinçiliklerden has netijeli peýdalanmagyň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýere, daşary işler ministrine gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmaga we giňeltmäge hem-de ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmäge degişli birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzyň milli parlamentinde şu ýylyň birinji aýynda ýerine ýetirilen işler barada habar berdi.Mejlisiň bu aýda geçirilen maslahatynda kanunçylyk namalarynyň onusy, şol sanda Türkmenistanyň Kanunlarynyň üçüsi we Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararlarynyň ýedisi kabul edildi.Döwletimiziň durmuş ulgamyny nazarlaýan syýasatynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegini, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň we jemgyýetimiziň durmuş düzümleriniň sazlaşykly ösüşini üpjün edýän kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak işleri dowam edýär.

Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň deputatlarynyň, Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň mart aýynda geçiriljek saýlawlaryna taýýarlyk işleri dowam edýär.Halkara we parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmegiň çäklerinde Türkmenistanyň ýokary kanun çykaryjy edarasy BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary we beýleki abraýly guramalary bilen yzygiderli gatnaşyk saklaýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ösüşiniň häzirki ýagdaýlaryny nazara almak bilen, milli kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreleri işjeňleşdirmegiň möhümdigini aýtdy.Milli Liderimiz deputatlaryň ýerlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanşyp, mähriban halkymyzyň durmuş derejesiniň mundan beýläk-de gowulandyrylmagyna gönükdirilen işlere kanunçylyk babatda goldaw bermelidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň deputatlarynyň, Halk maslahatynyň we geňeşleriň agzalarynyň öňde boljak saýlawlaryna taýýarlyk meselelerine ünsi çekip, olaryň jemgyýetimiziň demokratik esaslaryny pugtalandyrmakda ägirt uly ähmiýetiniň bardygyny aýtdy we bu gezekki jemgyýetçilik-syýasy çäräniň ähli ugurlarynyň berk gözegçilikde saklanmagynyň , saýlaw işleriniň açyklygynyň we hemmetaraplaýyn bolmagynyň wajypdygyny belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz kanunçykaryjylyk babatda tejribe alşylmagyny, halkara jemgyýetçiliginiň Türkmenistanyň demokratik hukuk döwlet hökmündäki ösüş ýolunda toplan taryhy tejribesi hem-de häzirki döwürde ýeten derejesi bilen tanyş bolmagyny üpjün edýän halkara we parlamentara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, fewral aýynda geçiriljek medeni çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalary açyp, ulanmaga bermegiň tertibi barada hasabat berdi, şeýle hem Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmeniň Altyn asyry atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakyndaky, 2018-nji ýylyň Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek dabaralaryň we çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamak hakyndaky kararlaryň taslamalaryny hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürledi.

Habar berlişi ýaly, medeni-ynsanperwer ulgamda halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde hem-de türkmen-belarus diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli 24 — 26-njy ýanwarda ýurdumyzda Belarus Respublikasynyň Medeniýet günleri guraldy.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, medeniýet ulgamynyň işini işjeňleşdirmegiň, täze zehinleri gözlemegi güýçlendirmegiň wajypdygyny belledi.Milli Liderimiz döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň mundan beýläk-de üstünlikli ösmeginiň köp babatda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlary ahlak we estetiki taýdan terbiýelemäge ýardam edýän döredijilik işgärleriniň goşandyna baglydygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz meýilleşdirilen dabaralara, şol sanda ýylyň şanly wakalary hem-de durmuş ähmiýetli desgalaryň açylyşy mynasybetli çärelere ünsi çekip, olaryň ählisiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda geçiriljek Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günleri barada aýdyp, iki döwletiň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhüm ugry hökmünde türkmen-eýran ynsanperwer gatnaşyklarynyň ähmiýetini, umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna saldamly goşant goşan iki ýurduň halklaryň baý hem-de özboluşly taryhy-medeni mirasyny öwrenmek, aýawly saklamak we giňden wagyz etmek işinde olaryň ornuny belledi.

Döwlet Baştutanymyz 2018-nji ýylyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çäreler barada durup geçip, olaryň milletimiziň baý medeni mirasyny mundan beýläk-de öwrenmekde we bütin dünýäde wagyz etmekde aýratyn ähmiýetini belledi.

Hormatly Prezidentimiz bu çäreleriň her biriniň uly terbiýeçilik ähmiýetine eýe bolmalydygyny aýdyp, hödürlenen resminama gol çekdi we bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.Milli Liderimiz her ýyl geçirilýän, milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň mundan beýläk-de ösmegini höweslendirýän hem-de täze zehinleri ýüze çykarmaga ýardam edýän “Türkmeniň Altyn asyry” döredijilik gözden geçirilişiniň ähmiýetini belläp, degişli resminama gol çekdi hem-de döredijilik bäsleşigini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän pudaklarynda 2018-nji ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Obasenagat toplumy boýunça önümçiligiň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň möçberleriniň ösüş depgini 104,6 göterime barabar boldy. Ýanwar aýynda Aşgabatda Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisiniň geçirilendigi hem-de Merkezi Aziýada daşky gurşawy goramak, suw serişdelerinden netijeli peýdalanmak boýunça ýola goýulýan gatnaşyklary, bu ulgamda beýleki döwletler we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça meseleleriň giň toplumynyň ara alnyp maslahatlaşylandygy habar berildi.

Birnäçe resminamalara gol çekildi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda bugdaýyň, pagtanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylynyň düýbüni tutmak boýunça alnyp barylýan işleriň wajypdygyny belledi hem-de olaryň ylmy taýdan esaslandyrylan agrotehniki kadalara doly laýyk gelmelidigini tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, suwaryş ýagdaýyny gowulandyrmak we suw bilen üpjünçiligini ýola goýmak ýaly möhüm ugurlaryň hatarynda durýandygyny aýtdy. Şeýle hem wise-premýere ýurdumyzda öndürilýän oba hojalyk önümleriniň möçberlerini we görnüşlerini yzygiderli artdyrmak boýunça anyk görkezmeler berildi.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň 2017-2019-njy ýyllarda Araly halas etmegiň halkara gaznasyna başlyklyk etmeginiň möhüm wezipeleriniň üstünde durup geçmek bilen, ýurdumyzyň ekologiýa, suw-energetika meselesi, durnukly durmuş-ykdysady ösüş üçin zerur şertleriň döredilmegi boýunça öňe sürýän halkara başlangyçlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek babatda alnyp barylýan işleri dowam etmegiň zerurdygyny belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew 2018-nji ýylyň ýanwar aýynda gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy toplumynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer D.Amangeldiýewe ýüzlenip, Ministrler Kabinetiniň geçen mejlislerinde oňa elektroenergetika gulluklaryny gyş möwsümine taýýarlamak boýunça birnäçe tabşyryklaryň berlendigini aýtdy. Şeýle hem gurluşyk işleri geçirilende tehniki howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçiligi güýçlendirmek tabşyryldy. Şeýle-de bolsa ýanwar aýynda elektroenergiýanyň öçürilen halatlary boldy we gurluşyk desgalarynda tehniki howpsuzlyk düzgünleri birnäçe gezek bozuldy diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de wise-premýere ýurdumyzyň ähli elektrik beketlerinde toplumlaýyn barlaglary geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin D.Amangeldiýewe soňky gezek duýdurmak bilen berk käýinç yglan etdi.Döwlet Baştutanymyz şeýle ýagdaý ýene-de gaýtalansa, onuň eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygyny duýdurdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annameredow gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. 2018-nji ýylyň ýanwar aýynda ulag-aragatnaşyk toplumy boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň, ýük daşamagyň we ýolagçy gatnatmagyň meýilnamasy 103,2 göterim berjaý edildi.

Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 100,1 göterime barabar boldy.Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 100,2 göterime barabar boldy.

Aragatnaşyk ministrligi boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 104 göterime barabar boldy. “Türkmenhowaýollary” gullugy boýunça şu ýylyň birinji aýynda ýerine ýetirilen awiahyzmatlaryň ösüş depgini 106 göterime deň boldy.

Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 102 göterime deň boldy.Hormatly Prezidentimiz bu pudaklarda gazanylýan üstünlikleriň, Diýarymyzyň ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň kuwwatlyklarynyň durnukly häsiýete eýedigini alamatlandyrýandygyny belläp, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan üstünlikli ösüşini üpjün etmekde bu ugurlara möhüm ornuň degişlidigini aýtdy. Şol bir wagtyň özünde ulaglaryň ähli görnüşleri boýunça ýolagçy gatnatmagyň we ýük daşamagyň hilini ýokarlandyrmak, aragatnaşygyň häzirkizaman görnüşlerini hödürlemek bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz döwletimiziň ulag ulgamyny ösdürmek meselelerine möhüm ähmiýet berjekdigini belledi.Milli Liderimiz ýurdumyzda giň möçberli halkara taslamalaryň öňe sürülýändigini we olaryň yzygiderli amala aşyrylýandygyny belläp, wise-premýere düzümleýin desgalaryň öz wagtynda we ýokary hil derejesinde ulanylmaga berilmegini üpjün etmek boýunça birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary K.Durdymyradow gözegçilik edýän milli ykdysadyýetimiziň senagat toplumynda şu ýylyň birinji aýyndaky önümçilik görkezijileri barada hasabat berdi.Senagat ministrligi boýunça ýanwar aýynda çykarylan önümleriň ähli görnüşleri babatynda meýilnama 120,2 göterim ýerine ýetirildi.

Dokma senagaty ministrligi boýunça ýylyň ilkinji aýynda önümçilik meýilnamasy 106,9 göterim berjaý edildi. “Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça garalýan döwürde önüm öndürmegiň meýilnamasy 100,9 göterim berjaý edildi.Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komiteti boýunça ösüş depgini 101,5 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň senagat toplumynyň ähli bellenilen meýilnamalary hem-de innowasiýa ösüş maksatnamasyny yzygiderli durmuşa geçirmegiň möhümdigini nygtady. Şunda döwlet Baştutanymyz öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ýurdumyzyň telekeçilik düzümleriniň mümkinçiliklerini işjeň ulanmagyň zerurdygyna ünsi çekip, wise-premýere önümçilik kuwwatlyklaryny pugtalandyrmak hem-de giňeltmek, iň gowy tehnologiýalary we täzeçillikleri ulanmak arkaly olary netijeli herekete getirmek meselelerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary O.Gurbannazarow ýurdumyzyň söwda toplumynda we telekeçilik ulgamynda geçen aýda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow söwda ulgamynyň umumy ykdysady görkezijilere we onuň sazlaşykly ösüşiniň saklanmagyna oňyn täsiriniň bardygyny belläp, pudagyň ösüşini şertlendirýän birnäçe ýagdaýlara ünsi çekdi.

Munuň özi içerki bazara çykarylýan hem-de eksporta ugradylýan harytlaryň görnüşlerine we hiline, hyzmatlaryň gowulandyrylmagyna, bu ulgamda oňyn özgertmeleriň, ýurdumyzyň önümçiliginiň täze görnüşleriniň ornaşdyrylmagyna bildirilýän talapdyr. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz döwletimiziň daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan döwlet maksatnamasyny ýerine ýetirmek boýunça anyk çäreleri öz içine alýan toplumlaýyn meýilnamany işläp taýýarlamagy tabşyrdy we hususy pudagyň mümkinçilikleriniň öňde durýan wezipeleriň oňyn çözgüdine işjeň çekilmeginiň wajypdygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň söwda we telekeçilik ulgamlarynyň ösüşiniň esasy ugurlarynyň hatarynda maýa goýum taslamalaryny höweslendirmegiň möhümdigini belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýew ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň 2018-nji ýylyň ilkinji aýynda alyp baran işleriniň netijeleri hem-de “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösdürmegiň Maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň barşy barada hasabat berdi.

Hususan-da, nebitiň we gaz kondensatynyň çykarylyşy 105 göterim, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 100,6 göterim ýerine ýetirildi.Tebigy we ugurdaş gazy çykarmak, “mawy ýangyjy” eksport etmek, maýa goýumlaryny özleşdirmek barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýangyç-energetika toplumynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetindäki möhüm ornuny nygtap, pudagyň ähli mümkinçiliklerini içgin seljermegi hem-de nebitiň we tebigy gazyň çykarylyşynyň hem-de gaýtadan işlenilişiniň möçberlerini artdyrmak üçin ähli serişdeleri güýje girizmegi talap etdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda bina edilýän gazhimiýa toplumlarynyň gurluşygyny hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Wise-premýere ýangyç-energetika toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak we nebitgaz pudagy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak babatynda birnäçe anyk görkezmeler berildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow ýurdumyzy şu ýylyň ýanwar aýynda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň netijeleri barada hasabat berdi.Hasabat döwründe öndürilen önümleriň umumy möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ösüş depgini 3,8 göterim artdy.

Sarp ediş harytlarynyň we ilata edilýän hyzmatlaryň nyrhlary bellenilen çäklerde durnukly saklandy.Wise-premýer şu ýylyň ilkinji aýynda Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, onuň çykdajy böleginiň 81,3 göteriminiň durmuş ulgamynyň maliýeleşdirilmegine gönükdirilendigini habar berdi.

Hasabat döwründe zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda tölenildi. Şu ýylyň ýanwar aýynyň deslapky jemleri boýunça rejelenen görnüşdäki Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde dürli maksatly desgalaryň 60-synyň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň 31-siniň, 352 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlarynyň, şeýle hem inženerçilik ulgamlarynyň we beýleki desgalaryň gurluşygy alnyp baryldy.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşiniň durnuklylygyny üpjün etmek, ähli pudaklarda durnukly ösüş depginlerini saklamak boýunça toplumlaýyn çäreleriň kabul edilmeginiň möhümdigini belledi.Bu maksatlar bilen bar bolan ähli mümkinçilikleri herekete girizmek, şeýle hem makroykdysady ýagdaýy yzygiderli seljermek we häzirki döwrüň ýagdaýlaryny, geljek üçin uzakmöhletleýin meýilnamalary hasaba alyp, ony çaklamak hem-de ylmy esasda seljermek möhüm bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda amala aşyrylýan iri möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň, hususan-da, Oba milli maksatnamasynyň möhüm ugurlaryna ünsi çekip, şunda halkyň durmuşynyň derejesini we hilini ýokarlandyrmagyň ileri tutulýan wezipe bolup durýandygyny nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow gözegçilik edýän ylym, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda, sport hem-de ýaşlar syýasatynda we jemgyýetçilik guramalarynda şu ýylyň birinji aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. 2018-nji ýylyň başynda mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş möwsüminde çagalaryň köpsanlysy dürli sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç aldylar.

Okuw ýylynyň ikinji ýarymynyň ilkinji gününde ähli bilim edaralarynda sapaklar “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary astynda geçdi. Ýanwar aýynda ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň 14-si Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde geçirilen matematika, fizika we informatika dersleri boýunça 14-nji halkara bäsleşigine gatnaşdylar we iki kümüş hem-de iki bürünç medal eýelemegi başardylar.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň buýurmasy esasynda “Awaza” şypahanasy we Mary şäherinde çagalar hassahanasy gurulýar.Hasabat döwründe döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasyndan gelip gowşan serişdeleriň ösüş depgini 108 göterime, ýerine ýetirilen hyzmatlardan we ýerlenen önümlerden alnan girdeji 103 göterime, şypahana hyzmatlaryndan alnan girdeji 101 göterime deň boldy. Ýurdumyzda ýanwar aýynda içerki ýaryşlaryň 13-si we köpçülikleýin sport çäreleriniň 5-si geçirildi.

Türkmen türgenleri halkara ýaryşlarynyň ikisine gatnaşyp, jemi 13 (5 altyn, 3 kümüş, 5 bürünç) medal gazandylar. Şeýle hem hasabatyň çäklerinde 2018-nji ýylda ylmyň dürli ugurlary boýunça aspirantura, doktorantura we alymlyk derejesine dalaşgärlige hasaba alynjak dalaşgärleriň, şeýle hem kliniki ordinatura kabul ediljek ordinatorlaryň sanyny kesgitlemek boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere gözegçilik edýän düzümlerini ösdürmek, şol sanda täze Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň wezipelerini ýerine ýetirmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.Döwlet Baştutanymyz saglygy goraýyş ulgamynyň we ýanyk keselleriň öňüni almak boýunça lukmançylyk kömegi gullugynyň işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine aýratyn ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ilata ýöriteleşdirilen ýanyk şikeslerini bejeriş kömegini bermek, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap saglygy goraýyş desgalaryny gurmak işlerini dowam etmek maksady bilen, Aşgabatda 130 orunlyk Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkezini gurmak hakyndaky Karara gol çekdi.

Milli Liderimiz öňdebaryjy tehnologiýalary we lukmançylygyň, dikeldiş işleriniň we intenwis terapiýanyň hem-de kosmetologiýa hirurgiýasynda daşary ýurt tejribelerini ornaşdyrmagyň zerurdygyny belledi.Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda ylym ulgamyny ösdürmäge, ylmyň esasy ugurlary boýunça alymlary we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleriň häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede guralmalydygyny tabşyrdy.

Döwletimiz ýurdumyzyň ylmy kuwwatynyň berkidilmegi ugrunda ähli zerur tagallalary eder diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň geçen 2017-nji ýylyň jemlerine bagyşlanan mejlisinde ýakyn wagtda öňde durýan wezipeleriň kesgitlenendigini aýtdy. Şu wezipelerden ugur alyp, Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmeli, göz öňünde tutulmadyk we dolandyryş çykdajylaryny azaltmaly. Şeýle hem daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek we beýleki döwletlere iberýän harytlarymyzyň möçberini artdyrmak boýunça syýasatymyzy dowam etmeli diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şeýle hem, ýurdumyzyň ykdysadyýetine maýa goýumlary giňden çekilmelidir we döwletimize walýutada gelip gowuşýan serişdeleriň möçberlerini artdyrmak boýunça zerur işler geçirilmelidir. Şunuň bilen baglylykda, pul-karz we maliýe ulgamlarynda bazar usullaryny giňden ulanmaly.

Biz ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi dowam etmelidiris, ykdysadyýetde hususy pudagyň paýyny we işjeňligini has-da artdyrmalydyrys diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.Döwlet Baştutanymyz wise-premýerler M.Babaýewe we E.Orazgeldiýewe ýüzlenip, degişlilikde nebitgaz toplumynda hem-de oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işlere aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Bu pudaklaryň ikisinde-de işleri talabalaýyk ýola goýmak üçin, täze usullar gözlenmelidir.Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň käbir beýleki meselelerine hem garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşyjylara işlerinde uly üstünlikler, berkarar Watanymyzyň halkyna bolsa “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilen ýylda abadançylyk arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

02.03.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
09.02.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.04.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
06.04.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
29.03.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.03.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
15.03.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden