05.07.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşy

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!Hormatly mejlise gatnaşyjylar! Şu ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda döwletimiziň ählumumy ykdysadyýetiň ösüşinde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak, bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli, içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän dürli harytlary öndürýän innowasion senagat kärhanalaryny döretmek boýunça belli bir derejede işleriň amala aşyrylandygyny aýtmak isleýärin.

Bu bolsa bize esasy maksadymyza ýetmäge — mähriban halkymyzyň durmuşynyň mynasyp derejesini we hilini üpjün edýän, güýçli ýaşaýyş-durmuş maksatly ykdysadyýeti bolan dünýäniň ösen demokratik döwletleriniň derejesine çykmaga gönükdirilen örän möhüm özgertmeleri amala aşyrmakda nobatdaky ädimleri ätmäge mümkinçilik berdi.

Biz daşary syýasaty hem üýtgewsiz ýörelgeden ugur alyp dowam edýäris.Bu syýasat, öňküsi ýaly, Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy we beýleki halkara guramalar bilen energetika we suw howpsuzlygyny üpjün etmek, ekologiýa meselelerini çözmek, ulag üpjünçilik ulgamlaryny, bilim we medeniýet ulgamlaryny, adam hukuklaryny hem-de azatlyklaryny ösdürmek, ählumumy howpsuzlygy berkitmek bilen bagly işjeň hyzmatdaşlyk etmekden ybaratdyr.

Alyp barýan içeri syýasatymyz barada aýtsak, biz ygtybarly salgyt-býujet we pul-karz syýasatyny goldaýarys.Hususy we döwlet üpjünçilik ulgamlaryna gönükdirilýän maýa goýumlarynyň möçberini barha artdyrýarys.Ykdysadyýetiň käbir pudaklarynda önüm öndürmek we hyzmatlary etmek boýunça gowy netijeleri gazanýarys.

Bu bolsa jemi içerki önümi 6,2 göterime çenli artdyrmaga mümkinçilik berdi.Döwlet býujetiniň girdejileri köpeldi.Bu bolsa ortaça aýlyk zähmet haklaryny 9 göterim ýokarlandyrmaga şert döretdi.

Milli manadymyzyň hümmeti durnukly, bellenen çäklerde saklanýar.Biz jemi bahasy 40 milliard 500 million amerikan dollaryna golaý bolan 1600 töweregi senagat we ýaşaýyş-durmuş maksatly iri desgalaryň gurluşygyny giň gerim bilen dowam edýäris.

Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyna laýyklykda hasabat döwründe 731,2 million manat möçberde düýpli maýa goýumlary özleşdirildi.

Geçen ýarym ýylyň dowamynda biz 26 sany iri desgany, umumy bahasy 3 milliard 200 million amerikan dollaryna golaý bolan, meýdany 612,6 müň inedördül metr, şol sanda ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny ulanmaga berdik.

Ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň çäklerinde biz ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek, öz önümlerimiziň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak, elektron senagatyny döretmek boýunça Döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirýäris.

Taryhda ilkinji gezek Türkmenistanda ýüz müňe golaý kompýuter öndürilendigini bellemek ýakymlydyr.Bu bolsa ykdysadyýetimiziň sanly ulgamynyň maksatnamalaryny mundan beýläk-de ösdürmek üçin gowy binýat bolup hyzmat edýär.Bu işleriň netijesinde daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberi 41,5 göterim köpeldi. Şunuň bilen birlikde, çözülmegini talap edýän köp sanly meseleler hem bar.

Biz bu meseleleri çözmek üçin köp işleri alyp barmalydyrys.Ykdysadyýetde döwletiň paýyny azaltmak we hususy pudagy giňeltmek boýunça netijeli işleri alyp barmaly.Hususylaşdyrmaga degişli edara-kärhanalaryň sanawyna energetika, ulag we aragatnaşyk pudaklarynyň aýry-aýry döwlet kärhanalaryny, üpjünçilik desgalaryny, şeýle hem köp sanly beýleki kärhanalary girizmeli.

Häzirki döwürde biz telekeçilere degişli edara-kärhanalaryň, döwlete degişli edara-kärhanalar bilen deňeşdirilende, has gowy we netijeli işleýändigini görýäris.Döwletimiziň kemala gelýän döwründe ilatymyz üçin şol döwrüň kynçylyklaryny ýeňilleşdirmek maksady bilen kabul edilen kanunlary indi ýuwaş-ýuwaşdan üýtgetmeli.

Häzir ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has ýokarlandy we bar bolan ýeňillikler ykdysadyýetimizi bazar şertlerine geçirmekde päsgelçilikleri döredýär.Meniň öň hem belläp geçişim ýaly, hususylaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri çaltlandyrmaly.

Paýnamalary ýerleşdirmek, gazna bazaryny guramak we bäsleşikli söwda edaralaryny açmak hususylaşdyrmagyň esasy gurallary bolmalydyr.Maýadarlara özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin bu örän gowy mümkinçilikdir. Şu maksat bilen men Awaza milli syýahatçylyk zolagy toplumyny telekeçileriň garamagyna bermek barada karara geldim.

A.Dadaýew, siz Awazadaky dynç alyş-bejeriş toplumyny dolandyrmak baradaky geňeşi döretmeli.Her myhmanhanany, her bir desgany bir ýa-da birnäçe telekeçiniň garamagyna bermek meselesini çözmeli. Şu maksat bilen Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň üsti bilen ähli zerur bolan resminamalary resmileşdirmeli.

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!Siziň bilşiňiz ýaly, şu ýylyň ikinji ýarymynda birnäçe halkara we içerki döwlet çärelerini geçirmek göz öňünde tutulýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda däp bolşy ýaly, bu çäreleri ýokary derejede guramaçylykly geçirmek ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ähli ýolbaşçylarynyň esasy wezipesidir. Ýarym ýylyň görkezijileriniň, umuman, erbet bolmandygyny nazara alyp, men ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ähli ýolbaşçylaryna we beýleki ýolbaşçylara ýarym ýylyň netijeleri boýunça öňümizdäki şenbede we ýekşenbede maslahatlary geçirenlerinden soňra, 9 — 23-nji iýul aralygynda dynç almaga rugsat berýärin.

Siz, hemişeki ýaly, Arçmanda, Ýyly suwda we beýleki şypahanalarda dynç alyp bilersiňiz.E.Orazgeldiýew, siz bolsa gözegçilik edýän toplumyňyzyň pagta ýygymyna taýýarlyk işlerini alyp barýan ýolbaşçylary bilen maslahatlaşyp, bu meselä özüňiz serediň!

Eger agrotehniki çäreler bilen bagly işleriň häzirki köp döwründe dynç almasaňyz, onda galla oragyndan we pagta ýygymyndan soňra dynç alyp bilersiňiz.Men size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we uly üstünlikleri, Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi diýlip yglan edilen ýylda berkarar Watanymyzyň ähli halkyna gülläp ösüş arzuw edýärin.

Ýene degişli makalalar

Telekeçilik şertleri ilaty däl, aýratyn alnan adamlary baýadýar
Türkmenistanda hususy firmalar ýapylýar
10.10.2017 | Uly ýaşly nesilleriň wekillerine Hormatly il ýaşulusy diýen at dakyldy
Prezident Senagatçylar birleşigine “Awazada” golf-klub gurmagy tabşyrdy
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagy TSTB-niň ygtyýaryna geçirildi
Parahat etrapçalarynyň hususy dükanlary we kärhanalary köpçülikleýin ýapyldy
Prezident syýahatçy köpelsin diýýär, TSTB güýçlenýär, kenarda aýallara 'açyk' geýinmek gadagan edilýär