06.09.2019 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi.

Wise-premýer Türkmenistanyň wekiliýetiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 17-nji sentýabrda Nýu-Ýork şäherinde öz işine başlajak nobatdaky mejlisiniň işine gatnaşmagyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.Bütindünýä forumyň gün tertibine syýasy, ykdysady we ynsanperwer häsiýetli meseleleriň ençemesi giriziler. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisinde Türkmenistanyň ileri tutulýan ugurlary barada hasabat berdi. Şolar bolsa Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyndan hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň netijeli halkara başlangyçlaryndan ugur alnyp işlenip taýýarlanyldy. Ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmak bu babatda möhüm ugurlaryň biri bolup durýar.

Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitarap döwlet hökmünde halkara derejede ykrar edilmeginiň 25 ýyllygy belleniler. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz geljek ýylyň dekabrynda Aşgabatda Parahatçylyk, howpsuzlyk we ösüş boýunça halkara maslahaty geçirmek teklibi bilen çykyş edýär. Şeýle hem BMG-niň dolandyryjy düzüm birlikleriniň, onuň komissiýalarynyň komitetleriniň işinde Bitaraplygyň ähmiýetine syýasy-hukuk tarapdan seretmek teklip edilýär. Öňümizdäki mejlisiň çäklerinde guramanyň howandarlygynda dawalaryň öňüni almak, olaryň sebäplerini we netijelerini aradan aýyrmak, ynsanperwer ulgamdaky meseleleri çözmek üçin bitaraplyk ýörelgelerini iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça köptaraplaýyn geňeşmeleri döretmegiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.

Türkmenistan şeýle hem halkara meseleleri düzgünleşdirmekde bitaraplyk ýörelgelerinden netijeli peýdalanmak boýunça BMG-niň Kadalar toplumyny işläp düzmek boýunça başlangyç bilen çykyş eder.Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň medeniýetini halkara derejede ösdürmek baradaky başlangyjyny öňe sürmek maksady bilen, ýurdumyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisinde 2021-nji ýylyň Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegi baradaky Kararnamanyň taslamasyny teklip eder.

Türkmenistan öňüni alyş diplomatiýasyna aýratyn ähmiýet bermek bilen, merkezi edarasy Aşgabatda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işine hemmetaraplaýyn ýardam bermegini dowam eder.

Terrorçylyga, serhetüsti jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, bikanun ýarag söwdasyna we adam söwdasyna garşy göreşmek ählumumy howpsuzlygy berkitmek ugrunda Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky mejlisinde ileri tutulýan meseleleri hökmünde kesgitlenildi.

Türkmen tarapy 2018-nji ýylyň aprel aýynda Aşgabatda geçirilen ýokary derejeli halkara duşuşykda badalga berlen Merkezi Aziýada terrorçylyga garşy göreşmek boýunça Hereketler meýilnamasynyň 3-nji tapgyrynyň ýerine ýetirilmegine hemmetaraplaýyn ýardam berer.

Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilen taslamalaryň we maksatnamalaryň zerur bolan maliýe serişdeleri bilen üpjün edilmeginiň wajypdygyny nazara almak bilen, Baş Assambleýanyň 74-nji mejlisiniň dowamynda Ösüşi maliýeleşdirmek boýunça BMG-niň ýokary derejeli maslahatyny ýakyn wagtda geçirmegiň mümkinçiliklerine seredilmegini teklip eder. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça departamentiniň (UN DESA) ýardam bermeginde ýörite utgaşdyryjy topary döretmek teklip edilýär.

Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde energetika, ulag we suw diplomatiýasy ýurdumyzyň halkara işiniň möhüm gurallary bolup durýar.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara energiýa howpsuzlygy boýunça başlangyçlarynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegini dowam etmek bilen, Türkmenistan 74-nji mejlisiň barşynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde onuň hyzmaty atly Kararnamanyň taslamasyny hödürlemegi meýilleşdirýär.

Ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk barada aýdylanda bolsa, mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň başlangyjy boýunça 2014-nji, 2015-nji we 2017-nji ýyllarda durnukly ulag ulgamynyň ösdürilmegi boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli üç Kararnamasy biragyzdan kabul edildi.

Mundan başga-da, 2016-njy ýylyň noýabr aýynda türkmen paýtagtynda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahat geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, halkara ulag hyzmatdaşlygy boýunça Aşgabat maslahatyny dowam etmek maksady bilen, Türkmenistan şeýle forumyň ikinjisiniň guralmagyny goldar we onuň taýýarlyk işlerine giňden gatnaşar. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyz 2020-nji ýylda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ministrleriniň halkara maslahatynyň geçirilmegini teklip edýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň suw diplomatiýasy ugrunda beýan eden halkara başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmegini dowam etmek maksady bilen, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Baş Assambleýanyň 72-nji we 73-nji mejlislerinde kabul edilen Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk atly Kararnamalaryň esasynda 74-nji mejlisiň barşynda Aral deňzi sebitiniň ýurtlary üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny işläp düzmek bilen bagly giň gerimli halkara maslahatlaşmalary geçiriler.

Daşky gurşawy goramak möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Şunda Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny aýawly saklamak wajypdyr. Şunuň bilen baglylykda, Baş Assambleýanyň 74-nji mejlisinde ýurdumyz BMG-niň täze Hazar ekologiýa maksatnamasyny döretmek baradaky başlangyç bilen çykyş etmegi meýilleşdirýär.

Dünýä döwletleri tarapyndan suw serişdelerini dolandyrmak we rejeli peýdalanmak ugrunda milli hem-de sebit derejesinde taýýarlanylan meýilnamalary sazlaşykly amala aşyrmak maksady bilen, umumy syýasy-hukuk resminamasyny, ýagny BMG-niň Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak başlangyjyny öňe sürmegi dowam eder.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisindäki ileri tutulýan garaýyşlary BMG-niň Sekretariatyna iberildi, şeýle hem bu Gurama agza ýurtlaryň arasynda beýan edilip, resminamanyň mazmuny barada milli we halkara köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde maglumatlar ýerleşdirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň ählumumy abadançylygyň bähbidine giň netijeli hyzmatdaşlyga berk ygrarlydygyny iş ýüzünde tassyklaýandygyny, beýleki döwletler we abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklaryny deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda guraýandygyny belledi. Ýurdumyz BMG bilen strategik häsiýete eýe bolan köpugurly hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berip, parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, sebit hem-de dünýä möçberinde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge degişli möhüm meseleleriň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşýar.

Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlary şu möhüm wezipeleri çözmäge gönükdirilendir hem-de häzirki döwrüň ýagdaýlaryny nazara almak bilen, halkara gatnaşyklaryň möhüm meselelerini beýan edýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisiniň işine gatnaşmagyna Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzasy hökmündäki netijeli işiniň dowamy hökmünde garaýandygyny nygtady.

Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, wise-premýere, daşary işler ministrine türkmen tarapynyň öňümizdäki halkara çärelere gatnaşmagyna ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy.Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi P.Durdyýewi şol bir wagtda ýurdumyzyň Wýetnam Sosialistik Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek hakyndaky Permana gol çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow gözegçilik edýän düzümindäki işleriň ýagdaýy hem-de hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem 2019-njy ýylda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilmegi bellenilen GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 83-nji mejlisini geçirmäge taýýarlyk görlüşiniň barşy barada habar aýdyldy. 13-nji sentýabrda Aşgabatda geçiriljek bu duşuşygyň gün tertibine Arkalaşygyň çäklerinde netijeli gatnaşyklary giňeltmegiň ileri tutulýan meseleleri giriziler. Şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen işlenilip taýýarlanylan GDA gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakyndaky Jarnamanyň taslamasyny ylalaşmak göz öňünde tutulýar.

Mejlis tamamlanandan soň Sanly ulgama geçişiň esasy ugurlary atly tanyşdyryş çäresini guramak meýilleşdirilýär.Oňa ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň degişli hünärmenleri gatnaşar.Wise-premýer ýurdumyzyň Garaşsyzlyk gününiň 28 ýyllyk baýramyna bagyşlanylan Türkmenistanyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşi atly ylmy-amaly maslahata taýýarlyk görlüşi barada hem hasabat berdi. 14-nji sentýabrda geçiriljek forumda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmelere bagyşlanan çykyşlar hödürlener.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, strategik ugurlar boýunça GDA-nyň ýurtlary bilen däbe öwrülen gatnaşyklary giňeltmegiň şu ýyl bu gurama başlyklyk edýän döwlet hökmünde Türkmenistanyň alyp barýan işleriniň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýandygyny belledi. Ýurdumyz Arkalaşykdan bolan hyzmatdaşlar bilen bilelikde, ähli ulgamlarda, şol sanda söwda-ykdysady ulgamda köptaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrýar.

Döwlet Baştutanymyz bilelikdäki tagallalary özara bähbitli utgaşdyrmakda, däp bolan netijeli döwletara gatnaşyklary ösdürmek baradaky teklipleri işläp taýýarlamakda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň eýeleýän möhüm ornuny nygtap, onuň Aşgabatda geçiriljek nobatdaky mejlisine taýýarlygyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimiziň ýeten derejesini we geljekki ösüşini, täze taryhy eýýamda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda bolup geçýän düýpli özgertmeleriň oňyn netijelerini görkezýän çäreleriň ähmiýetini belläp, ýurdumyzyň baş baýramy bolan mukaddes Garaşsyzlyk gününe bagyşlanyp guraljak ylmy-amaly maslahatyň hödürlenen meýilnamasyny makullady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz öňde boljak forumyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek üçin degişli çäreleri görmek barada wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy hem-de ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan nebit önümleriniň öndürilişini artdyrmak maksady bilen, önümçiligi döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işlere aýratyn üns berildi.

Bu işleriň ýokary depginde dowam etdirilmegi TNGIZT-de nebiti gaýtadan işlemegiň çuňlugyny we suwuklandyrylan gazyň, benziniň, dizel ýangyjynyň hem-de nebit koksunyň öndürilişiniň mukdaryny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmek baradaky wezipelere ünsi çekdi. Şol wezipeleriň çözülmegi milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, ýurdumyzy toplumlaýyn senagatlaşdyrmaga ýardam bermäge gönükdirilendir.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pudaklaýyn düzümleri döwrebaplaşdyrmak ulgamyndaky, iň täze tehnologiýalary hem-de öňdebaryjy ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary giňden ornaşdyrmakdaky, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümleri çykarýan häzirki zamanyň nebiti we gazy gaýtadan işleýän önümçiliklerini gurmak babatdaky taslamalary yzygiderli gözegçilikde saklamagy üpjün etmek barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy, şeýle hem ýurdumyzyň energetika pudagynda ulanylýan kadalaşdyryjy, hukuknamany döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.Habar berlişi ýaly, Elektroenergetika hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň düzgünlerine laýyklykda, ugurdaş desgalaryň degişli derejede işlemegini hem-de ulanylmagyny üpjün etmäge, elektrik we ýylylyk energiýasyny howpsuz ulanmaga, energetika desgalarynyň goralýan zolaklarynyň ýanynda düzgünleriň berjaý edilmegine gönükdirilen käbir resminamalaryň kämilleşdirilmegi zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer birnäçe kadalaşdyryjy hukuknamany işläp taýýarlamagy teklip etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, soňky ýyllarda Türkmenistanda energetika pudagyny yzygiderli ösdürmäge, bu ugurda döwlet dolandyryş we kadalaşdyryş ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen has işjeň tagallalaryň edilýändigini belledi.Bu ugurda milli kanunçylygyň düzgünleriniň döwrüň talaplaryna kybap getirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Döwlet Baştutanymyz bu ugra degişli kadalaşdyryjy namalar taýýarlanylanda, degişli düzümleriň hünärmenlerini çekmegiň möhümdigini aýdyp, hödürlenen resminamalaryň taslamalaryny degişli edaralar bilen ylalaşmak barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew ýurdumyzyň senagat toplumynyň kuwwatyny artdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, öňdebaryjy tehnologiýalaryň esasynda işleýän täze pudaklaýyn önümçilikleri döretmek, ýerli tebigy çig maly ulanmagyň hasabyna daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilmegini ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gaýtadan işleýän pudagyň ösdürilmeginiň ýurdumyzyň senagat toplumyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň, onuň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri çözmegiň möhüm şerti bolup durýandygyny nygtady.

Milli Liderimiz munuň üçin Türkmenistanda ähli mümkinçilikleriň, şol sanda tebigy çig mal serişdeleriniň baý gorlarynyň bardygyny aýtdy. Ýurdumyzda giň gerimli özgertmeleriň ýaýbaňlandyrylmagy, senagatlaşdyrmak boýunça döwlet maksatnamasynyň amala aşyrylmagy bilen baglylykda, senagat pudaklarynyň uly geljegi bardyr.

Döwlet Baştutanymyz uly isleg bildirilýän ýokary hilli önümleriň köp görnüşlerini çykarýan täze önümçilikleri ýola goýmagyň Watanymyzyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmaga, onuň dünýädäki abraýyny belende götermäge, täze iş orunlaryny döretmäge ýardam etjekdigini belläp, bu ugurdaky işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow söwda toplumyndaky işleriň ýagdaýy, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň alyp barýan işleri hem-de ýurdumyzda kiçi we orta işewürligi ösdürmekde döwlet tarapyndan berilýän goldawlara degişli çäreleriň durmuşa geçirilişi, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän we eksport ugurly önümçilikleri giňeltmek boýunça mundan beýläkki göz öňünde tutulýan çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, söwda ulgamyny ösdürmäge täze çemeleşmeleri ornaşdyrmak, eziz Diýarymyzda öndürilýän önümleri daşarky bazarlarda öňe ilerletmek babatda halkara gatnaşyklaryň gurallaryny we görnüşlerini kämilleşdirmek boýunça wise-premýere görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz işewürligi işjeňleşdirmek hem-de ýurdumyzyň senagat toplumynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, bu ulgamda öňdebaryjy tejribäni we innowasion tehnologiýalary netijeli ulanmak maksady bilen, hususy ulgamyň başlangyçlaryny höweslendirmek üçin şertleri döretmegiň zerurdygyny nygtady hem-de bu meseleleri hemişe berk gözegçilikde saklamak barada anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygynyň öňüsyrasynda, 23-nji sentýabrda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXII maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.Foruma dünýäniň dürli döwletlerinden wekiller hem-de ýurdumyzda işleýän we ýaşaýan daşary ýurtly türkmenler gatnaşar.

Maslahatyň gün tertibine Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň 2019-njy ýyldaky işiniň netijeleri barada hasabat, birleşigiň agzalarynyň alyp baran işleri baradaky çykyşlary we beýleki möhüm meseleler giriziler.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Türkmenistanyň beýleki ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmekde, dünýäde halkymyzyň medeniýetini, däp-dessurlaryny wagyz etmekde hem-de taryhyny we dilini öwrenmekde aýratyn möhüm orun eýeleýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz daşary ýurtly watandaşlarymyz bilen alnyp barylýan işiň many-mazmunyny we ugurlaryny giňeltmegiň, ylym hem-de bilim, medeniýet we sungat, telekeçilik ulgamlarynda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň wajypdygyny belledi.

Dünýä türkmenleriniň maslahaty, däp bolşy ýaly, Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda geçirilýär.Hormatly Prezidentimiz bu birleşigiň türkmen döwletiniň özygtyýarly ösüşiniň ilkinji ýyllarynda döredilendigini, onuň esasy maksadynyň milletimizi birleşdirmekden, Watanymyzyň rowaçlygynyň bähbidine watandaşlarymyzy jebisleşdirmekden ybaratdygyny aýdyp, wise-premýere öňümizdäki forumyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň tehniki enjamlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça geçirilmegi göz öňünde tutulýan işler barada hasabat berdi.Milli telewideniýäniň işini kämilleşdirmek, sanly ykdysadyýete geçmek boýunça döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, pudagara topar döredildi.

Geçirilen seljermäniň netijesinde alnan maglumatlaryň esasynda 2019 — 2025-nji ýyllarda üç tapgyrda Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň tehniki enjamlaryny döwrebaplaşdyrmagyň meýilnamasynyň taslamasy taýýarlanyldy.Bu meýilnamany üstünlikli amala aşyrmak üçin Türkmentelekom elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň ýaýradyjy enjamlaryny döwrebaplaşdyrmak zerur bolup durýar.

Wise-premýer döwlet Baştutanymyza zerur bolan döwrebap enjamlary satyn almak boýunça halkara bäsleşigi yglan etmäge rugsat bermegi uly hormat bilen haýyş etdi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwrebap enjamlary hem-de pudagyň soňky ýyllarda döredilen maddy-enjamlaýyn binýadyny, şol sanda sanly telewideniýäniň, emeli hemranyň mümkinçiliklerini nazara almak bilen, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, şeýle hem medeniýet ulgamynyň beýleki edaralarynyň hem-de habar beriş serişdeleriniň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň ähmiýetini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýokary hünär derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna, şeýle hem işgärleriň hünärleriniň kämilleşdirilmegine aýratyn üns bermegiň wajypdygyny belledi.

Mundan beýläk-de, öz ugurlary boýunça ussat hünärmenleri, iň gowy radio we telegepleşigini kesgitlemäge gönükdirilen hem-de beýleki ugurlar boýunça döredijilik bäsleşiklerini geçirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz wise-premýere bu babatda degişli görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew oba hojalygynda özgertmeleriň geçirilişi hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.Milli Liderimiziň ak pata bermeginde welaýatlarda bugdaý ekişine badalga berlendigi aýdyldy.

Bu möwsümi guramaçylykly hem-de agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirmek, oba hojalyk tehnikalarynyň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek üçin ähli tagallalar edilýär.Gowaça ideg etmek işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Şu möwsümde pagta arassalaýjy kärhanalary, pagta kabul ediş harmanhanalaryny, pagta ýygýan kombaýnlary we awtoulaglary ýokary öndürijilikli işletmek üçin degişli taýýarlyk işleri geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň welaýatlarynda döredilen oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznalaryndan ýer böleklerini alan hususy önüm öndürijiler tarapyndan 23 müň 754 gektar meýdana gowaça ekildi.

Mundan başga-da, 2020-nji ýylyň hasyly üçin jemi 41 müň 67 gektar meýdanda bugdaý ekmek meýilleşdirilýär.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp hem-de pagta ýygymyny geçirmek meselelerine ünsi çekip, obasenagat toplumynyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, dokma senagatyny gymmatly çig mal bilen üpjün etmek üçin uly ähmiýete eýe bolan bu möhüm oba hojalyk möwsümini bellenen möhletde geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz oba hojalygynda amala aşyrylýan, azyk bolçulygyny üpjün etmäge, milli ykdysadyýetimiziň eksport kuwwatyny pugtalandyrmaga, sebitleri hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeleri işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtady.Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda oba hojalyk önümleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmaga ýardam edýän öňdebaryjy tehnologiýalary we oba hojalyk ylmynyň gazananlaryny giňden ornaşdyrmak işiniň wajypdygyny belläp, wise-premýere bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz pagta ýygymyny we bugdaý ekişini bellenen möhletde geçirmek bilen baglanyşykly meseleleriň üstünde içgin işlemegi tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, mehanizatorlaryň üstünlikli zähmet çekmegi we oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli ulanylmagy üçin ähli şertleriň döredilmegine, bu möhüm möwsümde ähli ulgamlaryň sazlaşykly işlemegini üpjün etmäge aýratyn üns bermegiň zerurdygy nygtaldy.

Soňra Kiberhowpsuzlyk hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça iş toparyna ýolbaşçylyk edýän Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Habar berlişi ýaly, eýeçiligiň hemme görnüşleriniň aragatnaşyk ulgamlary kibergoraglylyga degişlidir. Şolarda milli maglumat serişdeleri işlenilýär hem-de döwlet häkimiýet edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň hem-de harby birikmeleriň bähbitlerine, elektron dolanyşygy, elektron döwlet hyzmatlary, elektron täjirçiligi, elektron resminama dolanyşygy ulgamlarynda peýdalanylýar. Şeýle hem degişli maglumat düzüminiň desgalary kibergoraglylyga degişlidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça taýýarlanylan hukuknamanyň baş maksady milli kiberözbaşdaklygy goramakdan ybaratdyr.Resminama strategik taýdan möhüm pudaklarda maglumat düzüminiň howpsuzlygyny üpjün etmegiň düzgünini we iş aýratynlygyny kesgitleýär.

Kanun ýurdumyzyň Konstitusiýasyna hem-de Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalaryň talaplaryna laýyk gelýär.Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny, bähbitlerini goramak, ulgamdaky howpsuzlyga degişli howplaryň öňüni almak hem-de jemgyýetçilik düzgün-tertibini, guramalaryň we raýatlaryň kanuny hukuklaryny we bähbitlerini üpjün etmek üçin Kiberhowpsuzlyk hakynda kanunyň kabul edilmeginiň derwaýysdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz kiberhowpsuzlygyň netijeli ulgamyny işläp taýýarlamak üçin hukuk esaslaryny we mümkinçilikleri döretmegiň ähmiýetini belledi.

Döwlet Baştutanymyz hödürlenen kanunçylyk namasyny makullap, oňa gol çekdi hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna, MHM-nyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda durmuşyň ähli ulgamlarynda uly işleriň amala aşyrylýandygyny, şunuň bilen birlikde, has giň möçberli wezipeleriň çözülmelidigini nygtady.Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny hem-de berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow kiberhowpsuzlyk hünärmenleriniň taýýarlanylmagyna ünsi çekdi
2021-nji ýylyň awgust aýy boýunça iň howply kompýuter wirusy mälim edildi
Ulag-aragatnaşyk toplumy ösdürilýär
Sanly ykdysadyýetde innowasion tehnologiýalar
Kiberhowpsuzlyk meselelerine bagyşlandy
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk
Türkmenistan ÝHHG-niň telekommunikasiýa we kiberhowpsuzlyk meselelerine bagyşlanan wideomaslahatyna gatnaşdy