07.05.2019 | Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ataýew Bäşim işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Miras teleradioýaýlymynyň başlygy wezipesinden boşadyldy. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Miras teleradioýaýlymynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Miras teleradioýaýlymynyň baş redaktory Kuwwatberdi Hezziýewiň üstüne ýüklenildi. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.

Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, teleradioýaýlymlaryň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy Garlyýew Nurmämmet Allaberdiýewiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.

Ýene degişli makalalar

Resmi habarlar
Prezident "Mirasyň" başlygyny täzeledi, synçylar Berdimuhamedowyň senzurany saklap galandygyny belleýärler
Prezident Berdimuhamedow TW boýunça komitetiň başlygyna käýinç yglan edip,“Miras” telekanalynyň başlygyny täzeledi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
30.05.2019 | Resmi habarlar
Resmi habarlar