Prezident Berdimuhamedow TW boýunça komitetiň başlygyna käýinç yglan edip,“Miras” telekanalynyň başlygyny täzeledi

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 7-nji maýda Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy Nurmämmet Garlyýewe, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, teleradioýaýlymlaryň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin, berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek üçin, oňa soňky duýduryşyny berdi.

Şol gün Bäşim Ataýew, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Miras teleradioýaýlymynyň başlygy wezipesinden boşadyldy. Onuň wezipesi wagtlaýyn Miras teleradioýaýlymynyň baş redaktory Kuwwatberdi Hezziýewiň üstüne ýüklenildi.

Belleýäris, ýurduň prezidenti döwlet telewideniýesiniň işiniň hilinden hemişe nägilelik bildirip durýar. Mysal üçin, 2018-nji ýylyň awgustynda döwlet baştutany ýene bir gezek döwlet telewideniýesiniň gepleşikleriniň hiliniň pesdigini belledi.

2018-nji ýylyň dekabrynda Berdimuhamedow telewideniýäniň “Türkmenistandaky ägirt uly üstünlikleriň özenini we wezipelerini açyp görkezip bilmeýändigini” aýtdy.

Ýene degişli makalalar

07.05.2019 | Resmi habarlar
Resmi habarlar
Prezident "Mirasyň" başlygyny täzeledi, synçylar Berdimuhamedowyň senzurany saklap galandygyny belleýärler
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
30.05.2019 | Resmi habarlar
Resmi habarlar