07.08.2019 | Resmi habar

Türkmenistanyň prokuraturasy hakyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi.Resminama laýyklykda, 1-nji derejeli ýurist Baýjanow Baýjan Toýmyradowiç gulluk borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmändigi üçin, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy; 1-nji derejeli ýurist Batyr Dädebaýewiç Aşyrkulyýew Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň prokurory wezipesine bellenildi. 1-nji derejeli ýurist Ýegenow Toýlymyrat Kakyşowiç gulluk borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmändigi üçin, Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy. 2-nji derejeli ýurist Meretnazar Baýramnazarowiç Begliýew Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň prokurory wezipesine bellenildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Resmi habar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Berdimuhamedow Howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirip, gümrük gullugynyň başlygyny täzeledi
07.09.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary