Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 7-si hasaba alyndy.Daşary ýurt walýutasynaBirleşen Arap Emirliklerinden we Owganystandan gelen telekeçilerTürkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy hem-de Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtobenzini satyn aldylar.
Russiýa Federasiýasynyň işewür toparynyň wekilleri bolsa karbamidi (“Türkmensenagat eksport-import” APJ) satyn aldylar.Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 13 million 134 müň dollaryna deň boldy. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 808 müň manatdan gowrak polipropilen plýenkasynyňgranulýatyny we aglomeratyny(TNGIZT) satyn aldylar.
