08.03.2018 | Täzeçillik — ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmagyň özeni

Ministrler Kabinetiniň 2-nji martda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýangyç-energetika toplumynyň düzümini kämilleşdirmek, dünýä bazarlaryna bäsdeşlige ukyply önümleriň köp görnüşlerini çykarýan nebit we gaz-himiýa önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak meselelerini ulgamyň mundan beýläkki sazlaşykly ösüşiniň esasy ugurlary hökmünde görkezdi.

Milli Liderimiziň nebit-gaz toplumyna täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça öňde goýan wezipeleriniň çäklerinde uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemegi çuňlaşdyrmak maksady bilen, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň birnäçe desgalaryny döwrebaplaşdyrmak meýilleşdirilýär. Şeýlelikde, bu ýerde haýal kokslaýjy gurnama oturdylar.

Gurnamany bina etmek boýunça yglan edilen bäsleşikde Birleşen Arap Emirlikleriniň WTL FZE kompaniýalar konsorsiumy (geljekki baş potratçy) we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Westport Trading Europe Limited kompaniýasy ýeňiji boldy.Amerikanyň bu kompaniýasy ýurdumyzyň nebit-gaz bazarynda has-da bellidir.

Ol ýylda ýokary hilli ýol bitumynyň 37,2 müň tonnasynyň önümçiligi boýunça döwrebap desgany ulanmaga berdi we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda ýokary oktanly benzin almaga niýetlenen desgany döwrebaplaşdyrdy. “Foster Wheeler” kompaniýasy bu pudagyň täze desgasynyň taslamasyny taýýarlady we oňa lisenziýa berdi.

Bu toplum haýal kokslaýjy we gudrony arassalaýjy iki gurnamadan ybaratdyr.Olaryň esasy wezipesi gudronyň we mazudyň agyr galyndylaryny işläp taýýarlamakdyr.Haýal kokslaýjy desga nebiti gaýtadan işleýän zawod üçin möhüm tehnologik gurnamalaryň biri bolup durýar.

Onuň taslama kuwwaty her ýylda 900 müň tonna önüme barabardyr. Şeýle hem bu desgada nebit koksunyň summar möçberinden başga-da, suwuklandyrylan gaz çykarylýar.Soňra ol eksporta ugradylýan harytlyk suwuklandyrylan gazy almak üçin ýörite gurnamada goşmaça arassalaýşy geçer.

Haýal kokslaýjy desgada taýýarlanylan koks benzini A-80 görnüşdäki benziniň önümçiligi üçin zerur serişde bolup durýar. Şeýle hem ol ýokary oktanly benzin almak üçin ýörite desga çig mal hökmünde ugradylar. Ýeňil koksly gaz şol bir wagtyň özünde dizel ýangyjyny gidroarassalaýyş boýunça desga üçin çig mal bolup durýar.

Onda Ýewro-5 standartyna laýyk gelýän awtomobil ýangyjy öndüriler.Agyr koks gazy bolsa kärhanada hereket edýän katalitik desga üçin çig mala öwrülýär.Geljekde iňňeli koksy almaga niýetlenen goşmaça ulgamyň ulanmaga berilmegi üçin haýal kokslaýjy desganyň täze enjamlarynyň mümkinçilikleri doly güýjünde ulanylar.

Mazudy wakuum arkaly işlemekden galan galyndy ýylda 500 müň tonna önüm berýän desga üçin çig mal bolup durýar.Hut şeýle çig maldan ýokary goýy ýaglaryň önümçiliginde, şeýle hem katalik desgalarda ulanylýan serişdeler gaýtadan işleniler. Şeýlelikde, täze desga Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda nebiti 10—20 göterim çuňlukda gaýtadan işlemäge we ýokary goşmaça bahasy bolan dury nebit önümleriniň işlenip taýýarlanmagyny üpjün etmäge mümkinçilik berer we önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrar.

Uglewodorod serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagyny we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen täzeçil tehnologiýalary peýdalanmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kärhanada geçirilen halkara bäsleşige gatnaşyjylara we Türkmenistanyň hyzmatdaşlaryna bildirilen esasy talaplarynyň biri boldy.

Taslamaçylaryň teklibine görä, desganyň gurluşygynda nebiti gaýtadan işlemekde we enjamlary öndürmekde öňdebaryjylaryň iň kämil tejribesi ulanylar.Hususan-da, koks kameralarynyň ýokarky we aşakky gapaklaryny ýapmak hem-de açmak awtomatik mehanizmleri arkaly ýola goýlar.

Bu bolsa koksy reaktorlardan düşürmäge taýýarlyk wagtynda el zähmetini aradan aýrar.Kärhananyň çäklerinde owradyjy, ýangyjy demir ýol wagonlaryna daşaýjy hem-de düşüriji ulgamy bolan ammarlar gurlar.Zawodyň hereket edýän barlaghanasyny iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün etmek we beýleki çäreler göz öňünde tutuldy.

Ýene degişli makalalar

TNGIZT-de haýal kokslama enjamy oturdylýar
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow TNGIZT-de täze desgalaryň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
Toplumyň taryhynda täze sahypa
TNGIZT-de haýal kokslama enjamy oturdylýar
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl : nebitgaz toplumy
20.02.2019 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl : nebitgaz toplumy