Toplumyň taryhynda täze sahypa

Nebit energiýa gorlarynyň iň gymmatly görnüşi hasaplanýar.Diňe soňky elli ýylyň içinde tutuş dünýäde ýangyjyň esasy görnüşleriniň sarp edilişi 120 essä golaý artypdyr. Çaklamalara salgylansak, häzirki wagtda Ýer şarynda gara altynyň tassyklanan gorlary 170 milliard tonna barabardyr. Şonuň 10 göterime golaýynyň biziň ata Watanymyzyň paýyna düşýändigi bolsa juda buýsançly hakykatdyr.

Bu energiýa gorunyň ägirt uly tebigy mümkinçiliklerini ulanmakda aýawly we oýlanyşykly çemeleşmek, örän gymmatly tebigy baýlygy geljekki nesiller üçin gorap saklamak hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz aladalarynyň üns merkezinde durýar.

Häzirki wagtda milli himiýa senagatynyň toplumlaýyn ösüş derejesi nebit-himiýa senagatynda gaýtadan işlenen taýýar önümleriň 400 görnüşine çenli, ýagny çig nebitden senagatda we hojalyk maksatly ulanmaga ýaramly ýangyjy, spirti we asetony, eredijileri we ligroini, çalgy ýaglary, gaty parafini, asfalty, plastmassany we kauçugy, çalgy serişdelerini, benzini, reňkli nebiti we dizeli, distillýatlary, durnukly çalgy ýaglaryny öndürmäge mümkinçilik berýär.

Hormatly Prezidentimiziň energetika syýasaty ýurduň nebit we gaz gorlaryny artdyrmaga, uglewodorod serişdelerinden netijeli peýdalanmaga gönükdirilendir.Nebitgaz pudagynyň kärhanalarynda tapgyrlaýyn önümçiligiň ýola goýulmagy olaryň gutarnykly ykdysady görkezijilerini ep-esli ýokarlandyrýar.

Türkmenistanda nebit we gaz çig malyny gaýtadan işlemekde, şeýle hem himiýa senagatynda döwrebap önümçiligiň giň gerimli infrastrukturasy döredildi.Olaryň arasynda milli ýangyç-energetika toplumynyň öňdebaryjysy bolan Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy (TNGIZT) hem bar.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy milli ýangyç-energetika toplumynyň öňbaşçysy we iň iri kärhanasydyr.Merkezi Aziýanyň we Hazar sebitiniň iň iri senagat kärhanasy bolan bu zawodlar toplumy täze innowasiýalara daýanyp, öz gerimini giňeldýär we ýaşyl ykdysadyýetde görelde görkezýär.

Toplumyň düzümine Türkmenbaşydaky we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlary, Kenardaky nebit önümlerini saklaýan we ugradýan kärhana we beýleki düzümleýin kärhanalar girýär.Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawody 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda Tuapseden göçürilen zawoduň binýadynda örän gysga möhletlerde – 1942-nji ýylyň güýzünden 1943-nji ýylyň ýazynda guruldy.

Eýýäm 1943-nji ýylyň 5-nji iýunynda türkmen awtomobil benzininiň ilkinji tonnalary fronta iberildi.Bu kärhana mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde ägirt uly özgerişlere eýe boldy.Kärhana milliardlarça amerikan dollary möçberinde maýa goýumlarynyň gönükdirilmegi bilen, bu ýerde katalitik reforminginiň we milli sekunt katalitik krekinginiň desgalary, ýokary oktanly benzin, çalgy ýaglary, polipropilen öndürýän desgalar, dizel ýangyjynyň gidroarassalaýyş önümçiliginiň, şeýle hem üpjünçilik gurluşlarynyň häzirki zaman desgalary guruldy.

Netijede, sanlyja ýylyň dowamynda, ozalky ýönekeý zawodyň ornunda nebiti gaýtadan işlemegiň önümçiliginiň iň häzirki zaman uly toplumy peýda boldy.Hut häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiziň kerwenbaşysyna öwrülen bu toplum etillenmedik A-80, A-90, A-95 ýokary oktanly awtomobil benzinleri, Ýewro-5 ýangyjy, awiasiýa we tehniki kerosinleri, reaktiw we dizel ýangyjyny, mazudy, çalgy ýaglaryny, polipropileni, peç ýangyjyny, ýeňil gazoýly, nebit elektrod koksuny, suwuklandyrylan gazy, gurluşyk we ýol bitumlaryny we ýene-de birnäçe nebit önümlerini taýýarlaýar.

Zawodyň önümleriniň alyjylarynyň arasynda Russiýa, Germaniýa, Ispaniýa, Italiýa, Ýaponiýa, Hytaý, Eýran, Owganystan bar.

Soňky on bäş ýyla golaý wagtyň dowamynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň kerwenbaşysy bolan Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda uly özgertmeler durmuşa geçirildi. 2008-nji ýylda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda bu toplumda dabaraly ýagdaýda nebiti ilkinji işleýän desgalary we TNGIZT-nyň täze 12 gatly dolandyryş binasy ulanylmaga berildi.

Elektrik usulda duzsuzlandyryjy ELDAD AT-6 nebiti ilkinji gezek gaýtadan işleýän desga işe girizildi. 2011-nji ýylda bu toplumda düýpli abatlaýyş işleri geçirildi.Häzirki wagtda haýalladylan usulda kokslamaga hem-de gudrony asfaltdan saplamaga niýetlenen täze desganyň gurluşygy boýunça işler alnyp barylýar.

WTL FZE (BAE) we Westport Trading Europe Limited (ABŞ) kompaniýalar konsorsiumy tarapyndan amala aşyrylýan taslamanyň esasy wezipesi gudronyň we mazutyň agyr galyndylaryny Foster Wheeler kompaniýasynyň tehnologiýasy esasynda gaýtadan işlemekdir.

Toplumyň kuwwaty ýylda 900 müň tonna önüm öndürmäge barabardyr.Iň esasy zatlaryň biri hem, däp bolşy ýaly, şol desgalaryň daşky gurşawyň hapalanmagyna ýol bermeýänligidir.TNGIZT-de dünýäde öňdebaryjy Bassel kompaniýasynyň (Italiýa) taslamasynyň ornaşdyrylmagy netijesinde dünýä bazarynda uly isleg bildirilýän gymmat bahaly nebithimiýa önümini – däneli polipropileni öndürmek ýola goýuldy.

Munuň üstesine-de çig mal hökmünde katalitik krekingiň suwuklandyrylan gazyndan bölünip aýrylan propilen ulanylýar. Öň propilen durmuş ýangyjy hökmünde suwuklandyrylan gaz bilen birlikde ýakylýardy.Suwuklandyrylan gazlaryň propilen bölegini netijeli peýdalanmak bilen bir hatarda, kükürt kislotaly alkilirlemäni ulanmak bilen suwuklandyrylan gazlaryň beýleki, butan-butilen fraksiýasy esasynda alkilaty ekologik taýdan arassa awtomobil benzinleriniň ýokary oktanly komponentini öndürmek TNGIZT-da özleşdirildi. 2018-nji ýylda toplumda polipropilenden örtügi öndürýän bölüm gurlup ulanylmaga berildi.

Zawodyň hut gojaman Hazaryň kenarynda gurulmagy ýöne ýerden däl. Ýurdumyzyň günbatar sebiti uglewodorod we beýleki tebigy baýlyklara baý mesgenleriň biri hasaplanýar.Baryp 1909-njy ýylyň 15-nji awgustynda Hazaryň Garagum atly meýdançasynda 170 metr çuňlukdan şol döwrüň iň iri nebit akymy alnypdyr.

Hazaryň türkmen böleginiň ýataklarynyň hem geljegi uly hasaplanylýar.Bilermenler şolaryň gorlaryny 12,1 milliard tonna nebit we kondensat hem-de 6,1 trillion kub metr gaz möçberinde bahalandyrýarlar.

Hazaryň Türkmenistana degişli bölegi häzirki döwürde 32 topluma bölünip, olaryň käbirinde önümleri paýlaşmak şertlerinde nebit we gaz çykarylýar.

Öňümizdäki ýyllarda dünýäniň tehniki-tehnologiki talaplaryna laýyk gelýän ýokary tehnologiýaly, ekologiýa taýdan arassa önümçilik kärhanalaryny ýola goýmak boýunça toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirmek bellenilýär.Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze tehnologik desgalary gurmak meýilleşdirilýär. Şolar nebiti gaýtadan düýpli işlemegi 90 göterimden ýokary görkezijä ýetirmäge, ýokary hilli benzinleriň, tehniki ýaglaryň we beýleki nebithimiýa önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmaga mümkinçilik berer. Şol desgalaryň hatarynda dizel böleklerini we benzinleri gidroarassalamagyň, katalitik kreking we wodorod önümçiligi bolan toplumly kokslamak desgalar toplumy; nebiti gaýtadan işlemegiň önümleriniň agyr galyndylarynyň katalitik kreking desgasy, şeýle hem binýatlaýyn tehniki ýokary hilli ýaglaryň önümçiligi boýunça enjam bar.

Mundan başga-da, Seýdi şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodda benzolyň öndürilişini ýola goýmagyň tehniki we ykdysady taýdan maksadalaýyklylygy öwrenilýär. Şondan soňra benzol dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän polistirol hem-de kauçuk ýaly gymmatly önümleri öndürmek üçin çig mal hökmünde ulanylar.

Sentýabr aýynyň 9-yna Gahryman Arkadagymyzyň Balkan welaýatyna amala aşyran iş saparynda zawodlar toplumynda taslama kuwwaty 70 MWt/sagat bolan iki sany täze gazturbinaly elektrik stansiýasynyň gurluşygyna we hereket edýän elektrik bekediniň durkuny täzelemek işlerine badalga berildi. Ýurdumyzyň nebithimiýa pudagynyň öňdebaryjy kärhanasynda düýbi tutulan bu iki sany gazturbinaly desga öň gurlan kuwwaty 126,4 MWt/sagat General Electric amerikan kompaniýasynyň 3 sany gazturbinalary elektrik bekediniň mümkinçiliklerini has-da artdyrar.

Türkmenistanyň nebit-gaz serişdeleriniň möçberi boýunça dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň biri bolmak bilen, bu tebigy baýlyklary milli ösüşe hem-de bütin adamzadyň bähbitlerine gönükdirmegi maksat edinýändigi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Munuň özi ýurdumyzyň energetika diplomatiýasynyň hakyky parahatçylyk we ösüş maksatlaryna ygrarly bolup galýandygyna şaýatlyk edýär.

Mergen Amanow,

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy.

Ýene degişli makalalar

TNGIZT-de haýal kokslama enjamy oturdylýar
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow TNGIZT-de täze desgalaryň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
TNGIZT-de haýal kokslama enjamy oturdylýar
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl : nebitgaz toplumy
20.02.2019 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl : nebitgaz toplumy
08.03.2018 | Täzeçillik — ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmagyň özeni