09.11.2018 | 2018-nji ýylyň dünýä birinjiligi: agyr agramlarda dünýä çempionlary belli boldy

Erkekleriň arasynda 109 kilograma çenli agramlyk derejede Ermenistandan gelen agyr atletikaçy Simon Martirosýan çykyşlaryň jemi boýunça dünýä çempiony boldy.Ol jemi 435 kilogram agramy göterip, täze dünýä rekordyny goýdy.

Ermenistanly türgen bu netijäni birbada götermekde 195 kilogram agramlygy galdyryp gazandy. Şol görkeziji boýunça ol ikinji ýere mynasyp boldy. Ýöne itekläp götermekde 240 kilogram agramy göterip, dünýä rekordyny täzeledi we özünden soňky orny eýelän türgenden 12 kilogram agramlygy köp götermegi başardy. Çykyşlaryň jemi boýunça hytaýly Že Ýangu kümüş medala mynasyp boldy.

Ol birinji görnüşde ýeňiş gazanmagy başardy, ýöne itekläp götermekde dördünji orny eýeledi. Çykyşlaryň jemi boýunça polşaly türgen Arkadiuž Mihalski bürünç medaly eýeledi.Ol itekläp götermekde 228 kilogram agramlygy galdyryp, ikinji orny eýeledi. Özüniň şu netijesi bilen birbada götermek boýunça şowsuzlygyny düzetmegi başardy.

Agramlygy götermegiň şu görnüşinde ol diňe on bäşinji orna mynasyp bolupdy.Birbada götermekde Russiýa Federasiýasyndan gelen türgen Rodion Boçkow bürünç medaly eýeledi.Itekläp götermekde bolsa üçünji orna özbegistanly türgen Ruslan Nurudinow mynasyp boldy.

Zenanlaryň arasynda 87 kilograma çenli agramlykda birbada götermekde Dominikan Respublikasyndan gelen türgen Krismeri Santananyň altyn medaly eýelemäge oňat mümkinçiligi boldy.Ol soňky synanyşygynda 117 kilogram agramy götermegi başardy. Ýöne HHR-den gelen türgen Hui Ao ondan bir kilogram agramy artyk götermegiň hötdesinden geldi.

KHDR-den Un Ju Kim üçünji orna mynasyp boldy.Itekläp götermek boýunça bäsleşikde altyn medal ugrundaky göreş koreýaly we hytaýly türgenleriň arasynda dowam etdi.Türgenleriň ikisi hem üç synanyşygynyň ählisiniň hötdesinden abraý bilen geldi, ýöne Un Ju Kim 152 kilogram agramy göterip, altyn medala mynasyp boldy.

Ol Hui Aodan bir kilogram agramy köp götermegi başardy. Ýöne çykyşlaryň jemi boýunça hytaýly agyr atletikaçy birinji orna, koreýaly türgen bolsa ikinji orna mynasyp boldy.Itekläp götermekde üçünji orny Çiliden Mariýa Waldes eýeledi, çykyşlaryň jemi boýunça üçünji orna Krismeri Santana mynasyp bolmagy başardy. Ýaryşyň jemleýji gününde erkekleriň arasynda 109 kilogramdan ýokary agramda hem-de zenanlaryň arasynda 87 kilogramdan ýokary agramda dünýäniň çempionlary belli bolar.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Berdinyýaz Rejepmedowyň Konsert dialogy
Kolumbiýada 5,7 bal ululygynda ýer titremesi boldy
Türkmenistanda ýaşlaryň arasynda geçirilýän ylmy işler boýunça bäsleşigiň 67 sany ýeňijisi sylaglandy, Russiýa Federasiýasnyň Aşgabatdaky ilçihanasy Russiýanyň güni mynasybetli kabul edişlik geçirdi we beýleki habarlar
Ispaniýaly tälimçileriň täze klublary
Hindistanyň ykdysadyýeti 2075-nji ýylda ABŞ-dan öňe geçer
Türkmenistanyň Prezidenti Hökümet agzalaryna 1-nji awgustdan 1-nji sentýabra çenli dynç almaga rugsat berdi, Türkmenistanyň ilatynyň sany 7 million adamdan gowrak boldy, Aşgabatda ilkinji saglyk festiwaly geçiriler we beýleki habarlar