8-nji iýulda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde prezident Berdimuhamedow häzir 38 milýard dollardan gowrak 3 müň çemesi desganyň gurulýandygyny tekrarlap, 1 milýard 300 milýon manatdan gowrak maýa goýumlarynyň ýatyrylandygyny ýatlatdy.
Geçen 6 aýda 30 sany iri gurluşyň we umumy meýdany 322 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň gurlandygyny sözüne goşdy.
Ol geçen 6 aýdaky görkezijileri “umuman kanagatlandyrly” diýip atlandyrdy.
Ýatlatsak, ol bu mejlisde ykdysadyýet we bilim hem sport boýunça pudaklara gözegçilik edýän wise-premýerlerini çalyşdy.
Soňra kiçi Berdimuhamedow ýolbaşçylaryň 1-nji awgustdan 1-nji sentiýabra çenli zähmet rugsadyna çykmagyna we “Awazada”, “Arçmanda” , “Ýylysuwda” we beýleki sagaldyş merkezlerinde dynç almagyna rugsat etdi.
Agro-senagat toplumyna ýolbaşçylyk edýän wise-premýer Annageldi Ýazmyradow we beýleki oba hojalyk ýolbaşçylary pagta hasyly ýygnalandan soňra dynç alyşa gidip bilerler.
Belläp geçsek, pagta hasyly boýunça döwlet meýilnamanyň ýerine ýetirilendigi barada adatça, oktiýabryň ahyrlarynda-noýabryň başlarynda prezidente hasabat berilýär.
The post 1-nji awgustdan wise-premýerleriň zähmet rugsadyna çykmagyna we “Awazada”, “Arçmanda” hem “Ýylysuwda” dynç almagyna rugsat edildi first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.