Saglygy goraýyş, bilim, sport ugurly forumlara 30-dan gowrak ýurtdan myhmanlar gatnaşdylar

Saglygy goraýyş, bilim, sport ugurly forumlara 30-dan gowrak ýurtdan myhmanlar gatnaşdylar

10-njy oktýabrda Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp geçirilýän “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara serginiň we onuň çäklerindäki ylmy maslahatyň dabaraly açylyşy boldy.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde guralan bu ýöriteleşdirilen serginiň açylyş dabarasyna Hökümetiň, Milli Geňeşiň agzalary, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, lukmançylyk ylmy-kliniki merkezleriniň, Ylymlar akademiýasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, saglygy goraýyş ulgamynyň köp sanly işgärleri gatnaşdylar. Şu ýyl sergä dünýäniň 30-dan gowrak ýurdundan lukmançylygyň dürli ulgamlaryndaky wekiller gatnaşýarlar.

Olaryň arasynda derman serişdelerini, lukmançylyk enjamlaryny we sarp ediş serişdelerini, tebigy kosmetiki önümleriň giň görnüşlerini, çaga iýmitini öndürýän daşary ýurt kompaniýalarynyň 150-den gowragy, şol sanda Russiýadan, Gazagystandan, Özbegistandan, Gruziýadan, Litwadan, Latwiýadan, Germaniýadan, ABŞ-dan, Kanadadan, Fransiýadan, Italiýadan, Beýik Britaniýadan, Awstriýadan, Belgiýadan, Polşadan, Türkiýeden, Ýaponiýadan, Koreýa Respublikasyndan, Hindistandan, Pakistandan, Tailanddan, Ýewropa Bileleşiginiň beýleki ýurtlaryndan kompaniýalar gatnaşýar. Şolaryň hatarynda türkmen lukmanlarynyň ozaldan gelýän hyzmatdaşlary bolan “Seda Medical”, “Philips”, “Vichy”, “Omega”, “Horiba”, “Olympus”, “Elekta”, “Fujinon”, “B.

Braun”, “Aesculap”, “Leica Microsystems”, “Sandoz”, “AGFA”, “Canon”, “Roche”, “Zimmer”, “Bego”, “Bionorica”, “Siemens”, “Sanofi”, “Laboratoire innotech international”, “Pentax”, “Takeda”, “Astellas”, “Askin and Co”, “Santo” ýaly başga-da köp sanly kompaniýalar bar.

Däp bolşy ýaly, sergi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň pawilýony bilen açylýar.Onda ýurdumyzyň birnäçe ýokanç keselleri aradan aýyrmakda bitiren hyzmatlarynyň ykrar edilýändigine şaýatlyk edýän halkara güwänamalaryň nusgalary ýerleşdirilipdir.

Mälim bolşy ýaly, türkmen lukmanlarynyň bu ugurdaky tejribesi BSGG-niň Ýewropa sebitiniň döwletlerinde ýaýratmak üçin maslahat berildi.Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň diwarlygynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy işleri ýerleşdirilipdir.

Mundan başga-da, sergide Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bölümi ýerleşdirilipdir.Bu ýerde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň 14-nji jildiniň tanyşdyrylyşy hem boldy.

Kitap ýurdumyzyň saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramynyň öňüsyrasynda çapdan çykdy. “Saglyk — 2022” sergisi önümleri ilerletmek, işewürligi ösdürmek, bazary öwrenmek, ýurdumyzyň dürli sebitlerinden we daşary ýurtlardan hünärmenler bilen duşuşmak üçin uly mümkinçilikleri döredýär. Şonuň üçin hem bu lukmançylyk sergisine ýurdumyzyň hususy kärhanalary — Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary giňden gatnaşýarlar.

Olaryň hatarynda “Ýowşan”, “Ak Hümmet”, “Tebip”, “Dermanlar”, “Yşgyn”, “Boýbodron”, “Dag oty” hususy kärhanalary, “Saglyk”, “Hoş”, “Dowamat” hojalyk jemgyýetleri bar. Şeýle-de sergide “Baýramaly”, “Berzeňňi”, “Arçman”, “Ýyly suw”, “Farap”, “Mollagara”, “Daşoguz” şypahanalarynyň diwarlyklaryna hem uly orun berlipdir.

Häzirki günde olaryň her biri saglygy dikeltmek üçin döwrebap merkez bolup, enjamlaşdyrylyşy, hödürleýän hyzmatlary babatda dünýä ölçeglerine laýyk gelýär. Şu gezekki sergide Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem öz gazanan üstünliklerini görkezýär.

Bu ýerdäki diwarlyklardyr wideoşekiller myhmanlary ýurdumyzda sanly bilimiň yzygiderli ilerledilişi bilen tanyşdyrýarlar.Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň bölümindäki monitorda ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny pugtalandyrmak, ildeşlerimizi bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan köpugurly işler barada gürrüň berýän wideoşekiller görkezilýär.

Günüň ikinji ýarymynda Söwda-senagat edarasynyň maslahatlar zalynda “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara ylmy maslahatyň açylyşy boldy. “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly ýöriteleşdirilen forumyň çäklerinde Garaşsyzlyk seýilgähindäki “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde sungat ussatlarynyň konserti boldy.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda halkara sergi we ylmy maslahat geçirilýär
Türkmenistanda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bellenildi
Türkmenistanda saglyk, bilim we sport ugurlary boýunça halkara sergi geçirilýär
Köpugurly sergi ösüşlere badalga
Saglygy goraýyş, bilim we sport bagtyýarlyk, rowaçlyk
Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni giňden bellenildi