Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni giňden bellenildi

11-nji oktýabrda paýtagtymyzda Gündogaryň meşhur akyldary we lukmany Abu Aly ibn Sinanyň umumadamzat ähmiýetli mirasy atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim ministrlikleri hem-de Ylymlar akademiýasy tarapyndan bilelikde guralan forum Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlandy.

Halkara ylmy gatnaşyklary pugtalandyrmaga, şeýle-de Abu Aly ibn Sinanyň köpugurly mirasyny wagyz etmäge gönükdirilen maslahat utgaşykly görnüşde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde geçirildi.

Alym, akyldar, lukman, tebigaty öwreniji, saz nazaryýetçisi, matematik we psiholog, dermanlary öwreniji, astronom, şahyr Abu Aly Hüseýin ibn Abdulla ibn Aly ibn Hasan ibn Sina X-XI asyryň beýik şahsyýetleriniň biridir.

Günbatar döwletlerinde ol Awisenna ady bilen tanalýar.Onuň ady tutulanda, bilimleriň baý dünýäsine eýe bolan we şolaryň ählisini 29 ylmy ugur boýunça 450 kitapda beýan eden meşhur ensiklopediýaçy alymyň keşbi göz öňüňde janlanýar.

Abu Aly ibn Sinanyň ömri türkmen halkynyň taryhy bilen berk baglanyşyklydyr. Ömrüniň 12 ýylyny Gündogaryň ylym merkezleri hökmünde giňden tanalan Ürgenç, Merw, Bawert, Nusaý şäherlerinde geçiren alym özüniň ýiti zehini, paýhasy, tejribesi, binýat goýujy nazaryýetleri bilen ylmy açyşlary edip, gaýtalanmajak eserleri döredip geljek nesillere uly miras galdyrypdyr.

Ibn Sinanyň öz döwrüniň ylym kerweniniň başyny çeken beýik şahsyýetler taryhçy, astronom, geodezik Abu Reýhan Biruny, filosof, lukman we matematik Abul-Haýr Hammar, meşhur pir we şahyr Abusagyt Abylhaýyr Mäne baba bilen halypa-şägirtlik we ussatlyk gatnaşyklary, bu akyldarlaryň ylmyň baýlaşmagyna goşan goşantlary halkymyz üçin aýratyn buýsançlydyr.

Forum bagşy-sazandalaryň çykyşlary hem-de Gahryman Arkadagymyzyň eserleri aýratyn orny eýelän ýörite sergi bilen utgaşdyryldy. Bu bolsa maslahatyň işine aýratyn öwüşgin çaýdy. Foruma ýurdumyzdan we daşary ýurtlaryň birnäçesinden alymlar, professor-mugallymlar, hünärmenler çagyryldy.

Hormatly Prezidentimiziň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynda Gündogarda Alymlaryň baştutany, Günbatarda Akyldarlaryň serdary diýen derejelere mynasyp bolan Abu Aly ibn Sinanyň biziň günlerimize gelip ýeten eserleri, ylmy-pelsepewi döredijiligi geçmiş bilen şu güni we geljegi birleşdirýän gymmatly hazynadyr, bütin adamzadyň guwanjydyr diýip bellenilýär.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow, Birleşen Arap Emirlikleriniň Al-Kasimiýýah uniwersitetiniň rektory Awad Al-Halaf, Russiýa Federasiýasyndan Astrahan döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň prorektory, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Larisa Udoçkina, Türkiýe Respublikasyndan Uludag uniwersitetiniň professory, ylymlaryň doktory Hidaýet Peker, Özbegistan Respublikasynyň Lukmançylyk işgärleriniň hünär kämilleşdiriş merkeziniň professory Urazmat Jumatow, Türkiýe Respublikasynyň Biruny uniwersitetiniň professory Nezih Hekim, Stambul uniwersitetinden, weterinariýa lukmançylygynyň doktory, professor Serkan Ikiz dagy Gündogaryň meşhur akyldary we lukmany Abu Aly ibn Sinanyň gymmatly mirasy, lukmançylyk ylmynda gazanan üstünlikleri, häzirki zaman lukmançylyk biliminde Awisennanyň orny, beýik akyldaryň eserleriniň pelsepe aýratynlyklary ýaly köpugurly mowzuklar boýunça çykyş etdiler.

Halkara ylmy maslahata ýurdumyzyň alymlary, professor-mugallymlary, ýaş alymlar, şeýle-de daşary ýurtlardan myhmanlar Russiýadan, Germaniýadan, Azerbaýjandan, Türkiýeden, Özbegistandan, Belarusdan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Ermenistandan we beýleki döwletlerden alymlar sanly ulgam arkaly işjeň gatnaşdylar.

Daşary ýurtly gatnaşyjylaryň çykyşlarynda ýokary hünär derejeli, ruhy-medeni gymmatlyklary doly ele alan, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen şahsyýeti kemala getirmegiň häzirki zaman lukmançylyk ylmynyň möhüm wezipeleriniň biridigi nygtaldy.

Şeýle şahsyýetlere Awisenna hem gürrüňsiz degişlidir. Ol lukmanyň esasy häsiýetleriniň nähili bolmalydygy barada aýdyp geçipdir.

Soňra ylmy maslahat öz işini Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde we Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde dowam etdi.

Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri atly kitabyň tanyşdyrylyşy

Şol gün Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Gahryman

Arkadagymyzyň ýurdumyzyň saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramynyň öňüsyrasynda çapdan çykan Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri atly düýpli ylmy işiniň XV jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

Türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler we milli fitoterapiýa baradaky bu özboluşly ylmy-ensiklopedik iş dünýäniň köp dillerinde neşir edilip, millionlarça daşary ýurt okyjylaryna elýeterli boldy hem-de ýurdumyzda lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça hünärmenleriň gollanmasyna öwrüldi.

Saglygy goraýyş ulgamyndaky ylmy işleriň awtory Gahryman Arkadagymyz milli lukmançylygymyzy ösdürmegiň özünde pederlerimiziň paýhasyny we tejribesini, dünýä lukmançylygynyň häzirki zaman meýillerini jemleýän nusgasyny döretdi.Bu düýpli ylmy işiň sahypalarynda ýerli dermanlyk otlaryň onlarça görnüşiniň, ösümlikleriň kökleriniň hem-de miweleriniň, şol sanda endemik ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri, olary ylmy we halk lukmançylygynda peýdalanmagyň mümkinçilikleri giňişleýin beýan edilýär.

Kitap okyjylara adamzadyň gazanan üstünlikleriniň hazynasyna, şol sanda lukmançylyk işine uly goşant goşan türkmen halkynyň köpasyrlyk tejribesidir däpleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.

Halkara sergi geçirildi

10-12-nji oktýabrda Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe atly halkara sergi we onuň çäklerindäki ylmy maslahat geçirildi.

Her ýyl geçirilýän bu çäre lukmançylyk ylmynyň soňky gazananlaryny saglygy goraýyş ulgamyna ornaşdyrmaga we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berýän abraýly forumlaryň birine öwrüldi.

Bu foruma gatnaşýan ýurtlaryň sany ýylsaýyn artýar.Ol innowasion tehnologiýalara we giň halkara hyzmatdaşlyga esaslanyp, täze pikirleri, çemeleşmeleri teklip edýär.Sergä dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan lukmançylygyň dürli ulgamlaryndaky wekiller gatnaşýarlar. Şolaryň arasynda derman serişdelerini, lukmançylyk enjamlaryny we sarp ediş serişdelerini, dürli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürleýän, tebigy kosmetiki önümleriň giň görnüşlerini, çaga iýmitini öndürýän daşary ýurt kompaniýalarynyň 150-den gowragy, şol sanda Russiýadan, Gazagystandan, Özbegistandan, Gruziýadan, Germaniýadan, ABŞ-dan, Fransiýadan, Italiýadan, Beýik Britaniýadan, Awstriýadan, Polşadan, Türkiýeden, Hindistandan, Hytaýdan we beýleki ýurtlardan kompaniýalar gatnaşýarlar.

Lukmançylyk gözden geçirilişine gatnaşyjylaryň hatarynda türkmen lukmanlarynyň ozaldan gelýän hyzmatdaşlary bolan Seda Medical, Philips, Vichy, Horiba, Olympus, B.Braun, Sandoz, Roche, Zimmer, Bionoricа, Siemens, Askin and Co, Medtronic, Getinge, Alves, Orica we başga-da köp sanly kompaniýalar bar. Şeýle-de, ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine degişli edaralar işjeň gatnaşdy.

10-njy oktýabrda Söwda-senagat edarasynyň maslahatlar zalynda Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe atly ylmy maslahat geçirildi. Şeýle hem Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda sanly ulgam arkaly geçirilen ýaş alymlaryň Ýokary tehnologiýalar we innowasion işläp taýýarlamalar atly halkara bäsleşiginiň jemi jemlendi.

Bäsleşige Azerbaýjandan, Belarusdan, Gazagystandan, Gruziýadan, Hytaýdan, Malaýziýadan, Özbegistandan, Russiýadan, Täjigistandan, Türkiýeden we Wýetnamdan ýaş alymlardyr hünärmenler möhüm ugurlar boýunça özleriniň ylmy işlerini, taslamalaryny hödürlediler.

Utgaşykly görnüşde geçirilen ylmy maslahata daşary ýurtlaryň birnäçesiniň görnükli alym-professorlary, ylymlaryň doktorlary, saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Çykyşlarda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ilkinji lukmançylyk kömegini bermegiň usullaryny kämilleşdirmek, maşgala lukmançylygy institutyny ösdürmek, ilata hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini we görnüşlerini artdyrmak, bejeriş, şypahana edaralarynyň işini has-da gowulandyrmak, saglygy goraýyş edaralarynyň maddy-tehniki üpjünçiligini pugtalandyrmak, lukmançylyk ylmy bilen tejribäniň özara baglanyşygyny berkitmek, lukmanlaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak, saglygy goraýyş ulgamynyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek meseleleriniň Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň esasy wezipeleriniň hataryndadygy nygtaldy.

Ylmy maslahatyň işi Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň iri edaralarynda Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanada, Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetinde, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde,

Arkadag şäheriniň saglyk öýünde, köpugurly hassahanasynda, Gaýragoýulmasyz Tiz kömek merkezinde, Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezinde hem-de paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdeplerinde 15 bölüm boýunça 12-nji oktýabra çenli dowam etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda halkara ylmy forum geçirildi
Arkadag şäherinde ilkinji Halkara maýa goýum forumy geçiriler, Türkmenistanyň lukmançylyk ugurly ýokary okuw mekdebinden ibn Sinanyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi we beýleki habarlar
“Aşgabat 2017” oýunlarynyň açylyş dabarasynda türkmenleriň janlandyrylan taryhy: Dhistan we Köneürgenç
21.09.2017 | “Aşgabat 2017” oýunlarynyň açylyş dabarasynda türkmenleriň janlandyrylan taryhy: Dhistan we Köneürgenç
M.Garryýew adyndaky TDLU Lukmançylyk mekdepleriniň Bütindünýä gollanmasyna girizildi