1-nji iýundan Aşgabat bilen Awazanyň arasynda awtobus gatnawy ýola goýlar

1-nji iýundan Aşgabat bilen Awazanyň arasynda awtobus gatnawy ýola goýlar

Awtomobil ulag hyzmaty açyk görnüşli paýdarlar 1-nji iýundan başlap, Aşgabat — Awaza — Aşgabat ugurlary boýunça gündelik awtobus gatnawyny ýola goýar.

Awtobus Aşgabatdan irden sagat 06:00-da Çoganly ýaşaýyş toplumynyň çäginde ýerleşýän Halkara awtomenzilden ugraýar: Salgysy: A.Nyýazow şaýoly, 422-nji jaý.

Awazadan Aşgabat şäherine gaýdýan awtobus 13:00-da Ýelkenli köçesiniň ugrunda ýerleşýän köp gatly awtoulag duralgasyndan ugraýar.

Bir taraplaýyn petegiň bahasy 75 manat möçberinde kesgitlenýär.

Petekleri kassalardan satyn alyp bilersiňiz!

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 12) 44-35-30; 44-35-20.

Ýene degişli makalalar

Aşgabat — Awaza ugry boýunça awtobus gatnawlarynyň petekleri onlaýn satuwa çykaryldy
Aşgabat Awaza Aşgabat ugry boýunça petekleriň bahasy belli boldy
Aşgabat Awaza Aşgabat awtobus gatnawynyň peteginiň bahasy belli boldy
"Awazada" iň gysga dynç alyş möwsümi açyldy, parahorluk 'gülläp ösýär'
Türkmen paýtagtynda açylan daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan sergi tehnologiýadaky öňe gidişligi görkezdi