Aşgabat Awaza Aşgabat ugry boýunça petekleriň bahasy belli boldy

Aşgabat  Awaza  Aşgabat ugry boýunça petekleriň bahasy belli boldy

Habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 11-nji iýunyndan başlap, Awtomobil ulag hyzmaty AGPJ Aşgabat Awaza Aşgabat ugry boýunça awtobus gatnawy ýola goýlar.

Bu ugur boýunça awtobuslar hepdäniň her güni Aşgabat şäheriniň A.Nyýazow şaýolunyň 422-nji jaýynda ýerleşýän Halkara awtomenzilden sagat 06:00-da we Awaza milli syýahatçylyk zolagynyň Ýelkenli köçesiniň ugrunda ýerleşýän 4 gatly 266 orunlyk awtoduralgadan sagat 13:00-da yzyna ugraýar.

Şäherara awtobus gatnawyny amala aşyrýan raýatlar kassalardan petekleri satyn alyp bilerler. Gatnawyň bir tarapy üçin petegiň bahasy 100 manat möçberinde bellenildi. Bu barada Awtomobil ulag hyzmaty AGPJ resmi saýtynda habar berildi.

Bu ugurlar boýunça petekleri Türkmenawtoulaglary gullugynyň resmi web sahypasyndan onlaýn satyn alyp bilersiňiz.

Ýene degişli makalalar

Aşgabat Awaza Aşgabat awtobus gatnawynyň peteginiň bahasy belli boldy
Halkara Awtomenzil — Hazar ugry boýunça täze gatnaw ýola goýuldy
Awtomobil ulаg hyzmaty kompaniýasy taksi sürüjilerini işe çagyrýar
Hazar ätiýaçlandyryş kompaniýasy hyzmatlaryň giň toplumyny hödürleýär
Awtomobil ulag hyzmaty tejribeli awtobus sürüjilerini işe çagyrýar
Aşgabat-Arçman-Aşgabat awtobus gatnawlarynyň tertibi täzelendi