Türkmenistanda gurlan ilkinji ýük gämisi deňiz suwuna düşürildi

Türkmenistanda gurlan ilkinji ýük gämisi deňiz suwuna düşürildi

2025-nji ýylyň 4-nji noýabrynda Türkmenistanda ilkinji gurulan “Gadamly” atly gämisiniň deňiz suwuna düşürmek dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň bilim ministrligi habar berýär.

Konteýner daşamaklyga niýetlenen, 6100 tonna ýük göterijiligi bolan bu gury ýük gämisi hazarýaka döwletlerine öz ýüzüşlerini amala aşyryp, ýük daşamakda ýokary orunlara eýe bolup, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösmegine goşant goşar.

Gäminiň gurluşygy “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti (AGPJ) bilen Koreýa Respublikasynyň “Koryo Shipbuilding Industry Technology Co. Ltd.” Kompaniýanyň hyzmatdaşlygynda amala aşyryldy.

Geçen ýylyň maý aýynda “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” AGPJ bilen Koreýa Respublikasynyň “Koryo Shipbuilding Industry Technology Co. Ltd.” kompaniýasynyň arasynda ýük göterijiligi 6 müň 100 tonna deň bolan iki sany gury ýük gämisini taslamalaşdyrmak we bilelikde gurmak babatda degişli şertnamalar baglaşdy.

Ýene degişli makalalar

Russiýa Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üstünden Owganystana we Eýrana däne eksport etmäge gyzyklanma bildirýär
“RŽD Logistika” Demirgazyk-Günorta geçelgesi boýunça ýük daşamalarynyň nyrhnamalaryny peseltmegi meýilleşdirýär
“Balkan” gämi gurluşyk zawody iki sany gury ýük gämisini gurar
“Abadan haly” halylaryň täze görnüşleriniň önümçiligini ýola goýdy
KAMAZ AGPJ Türkmenistanyň edara-kärhanalaryny tirkeg ulaglarynyň isleg bildirilýän görnüşleri bilen üpjün edýär
“Türkmenaragatnaşyk” we “LS telcom AG” hyzmatdaşlyk boýunça Ähtnama gol çekdiler