“Türkmenaragatnaşyk” we “LS telcom AG” hyzmatdaşlyk boýunça Ähtnama gol çekdiler

“Türkmenaragatnaşyk” we “LS telcom AG” hyzmatdaşlyk boýunça Ähtnama gol çekdiler

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentligi we “LS telcom AG” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti (AGPJ) Germaniýada geçirilen türkmen-german işewürlik maslahatynyň dowamynda Türkmenistanda gözegçilik ulgamyny kämilleşdirmek we ýygylyk spektrini dolandyrmak boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekdiler. Bu barada “LS telcom AG” kompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji direktory Georg Schöneniň “Türkmenistan” gazetine beren interwýusynda habar berilýär.

Türkmen-german işewürlik maslahaty türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 28-29-njy sentýabrynda Germaniýa amala aşyran saparynyň çäklerinde geçirildi.

“Bu resminamada göz öňünde tutulýan ugurlaryň ählisi Türkmenistanda telekommunikasiýa ulgamyny has-da ösdürmäge gönükdirilendir” diýlip, kompaniýanyň baş ýerine ýetiriji direktorynyň “Türkmenistan” gazetine beren interwýusynda bellenilýär.

Georg Schöneniň aýtmagyna görä, “LS telcom AG” ählumumy derejede radio ýygylyklary dolandyrmak boýunça çözgütleri hödürleýän kompaniýadyr.

Ýene degişli makalalar

Işewürlik-daýjest: 21 27-nji noýabr aralygynda Türkmenistanyň esasy ykdysady täzelikleri
Türkmenistanda gurlan ilkinji ýük gämisi deňiz suwuna düşürildi
Russiýademirýollary (RDÝ) açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär
“Balkan” gämi gurluşyk zawody iki sany gury ýük gämisini gurar
“Abadan haly” halylaryň täze görnüşleriniň önümçiligini ýola goýdy
KAMAZ AGPJ Türkmenistanyň edara-kärhanalaryny tirkeg ulaglarynyň isleg bildirilýän görnüşleri bilen üpjün edýär