Işewürlik-daýjest: 21 27-nji noýabr aralygynda Türkmenistanyň esasy ykdysady täzelikleri

Işewürlik-daýjest: 21  27-nji noýabr aralygynda Türkmenistanyň esasy ykdysady täzelikleri

Türkmenistan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär täze ylalaşyklara gol çekilýär, ikitaraplaýyn duşuşyklar we forumlar geçirilýär. Hususan-da, dürli ugurlarda gaz önümçiliginden başlap, ulag-logistika ulgamyna çenli ýewropaly we aziýaly hyzmatdaşlar bilen gatnaşygy pugtalandyrmak boýunça birnäçe çäreler geçirildi.

Önümçilik desgalaryny döwrebaplaşdyrmak, bank ulgamyny özgertmek we gümrük amallaryny kämilleşdirmek boýunça işjeň işler alnyp barylýar. Turkmenportalyň işewürlik daýjesti Türkmenistanda bolup geçen esasy ykdysady wakalar bilen has içgin tanyşmaga kömek eder.

Öňde boljak wakalar

29-njy noýabrda Aşgabatda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň geçiriljek 6-njy mejlisi geçirilýär. Onuň dowamynda nebitgaz, ulag-logistika, oba hojalygy, himiýa hem-de dokma senagaty ýaly ulgamlarda özara gatnaşyklaryň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

2024-nji ýylyň 7 9-njy fewraly aralygynda Hindistanyň Bangalor şäherinde India Food 2024 atly söwda we azyk önümleriniň tehnologiýalarynyň halkara ýarmarkasy geçiriler, Türkmenistanyň işewür toparlary oňa gatnaşmaga çagyrylýar.

Ýangyç-energetika toplumy

Türkmengaz döwlet konserni Germaniýanyň kompaniýalary bilen hyzmatdaşlykda gaz gysyjy beketleri döwrebaplaşdyrýar. Ozal bu babatda ylalaşyklar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 28-29-njy sentýabr aralygynda GFR-e amala aşyran saparynyň dowamynda gazanyldy.

Maliýe

Türkmenistanyň Mejlisi 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň girdejiler boýunça 124 299 117,6 müň manat we çykdajylar boýunça 117 601 110,4 müň manat möçberinde ýerine ýetirilendigini tassyklady.

Şeýle hem Türkmenistanda 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda Kanun çap edildi. Resminama laýyklykda,ýurduň Döwlet býujeti girdejiler we çykdajylar boýunça 102 313,5 mln. manat möçberinde, şol sanda býujetiň birinji derejesi girdejiler we çykdajylar boýunça 32 865,0 mln. manat möçberinde tassyklanyldy.

Türkmenistanyň banklary goýum hasabyna (depozit) çekilýän serişdeleriň möçberlerini artdyrýarlar. 2022-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan 2023-nji ýylyň 1-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanyň banklaryndaky goýumlara ilatdan çekilen serişdeleriň möçberi 6,4% artdy we 3068,6 million manada deň boldy. Möhletli bank goýumlarynyň mukdarynyň ep-esli ýokarlanmagy Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň pul-karz syýasatynyň mundan beýläk-de ösmegi üçin diýseň amatly ýagdaýdyr.

Işewürlik çäreleri

20-nji noýabrda Berlinde geçirilen Türkmen-german işewürlik forumynyň dowamynda 19 sany ähtnama we umumy bahasy 8 million 160 müň ýewro deň bolan şertnama gol çekildi. Türkmenistanyň işewür wekiliýeti forumyň çäklerinde nemes hyzmatdaşlary bilen duşuşyklar geçirdi, olaryň dowamynda strategiki hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ulag

Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi AGPJ we Finlýandiýanyň Nurminen Logistic kompaniýasy halkara ýük daşamalary pudagynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekdiler. Resminama gol çekilmegi özara ulag gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm ädim bolar we Türkmenistanyň demirýol arkaly üstaşyr mümkinçiliklerinden peýdalanmaga mümkinçilik berer.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri türkmen telekeçilerine Ygtyýarly ykdysady operator (YYO) derejesiniň artykmaçlyklaryny düşündirdiler. Bu dereje edara görnüşli taraplara gümrük amallary geçirilende ýörite ýeňillik hukugyny berýär.

Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň gümrük edaralarynyň wekilleri Gümrük hyzmatdaşlygy boýunça bilelikdäki maslahat toparynyň nähili işlejekdigini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu topary döretmek başlangyjy döwlet Baştutanlarynyň Awazada geçirilen üçtaraplaýyn sammitinde öňe sürlüpdi.

Oba hojalygy

Lebap welaýatynyň daýhanlary 2023-nji ýylda 900 gektar ýerden 12 680 tonnadan gowrak güýzlük ýeralma we 475 gektardan 8 563 tonna däneli ekiniň hasylyny ýygnadylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmen wekiliýeti Brýusselde öz işine başlan maýa goýum forumyna gatnaşýar
Türkmenistan bilen Özbegistan “Farap/Hojadawlet-Türkmenbaşy porty” ugruny ösdürmäge gyzyklanma bildirýär
Işewürlik-daýjest: 7 13-nji noýabr aralygynda Türkmenistanyň esasy ykdysady habarlary
Türkmenistanyň ilçisi bilen Hytaý ulag-logistika işewürleriniň arasynda iş duşuşygy geçirildi
“Türkmenaragatnaşyk” we “LS telcom AG” hyzmatdaşlyk boýunça Ähtnama gol çekdiler
RDÝ-niň wekili Moskwa Aşgabat ýolagçy gatnawyny täzeden ýola goýmagyň tarapdary