Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi AGPJ Türkiýe Respublikasynyň ynsanperwer kömek ýüklerini Owganystana ugratmaga ýardam berdi

Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi AGPJ Türkiýe Respublikasynyň ynsanperwer kömek ýüklerini Owganystana ugratmaga ýardam berdi

Türkiýe Respublikasynyň Döwlet demirýollary Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen bilelikde doganlyk ýurdy bolan Owganystan Yslam Respublikasyna ynsanperwer ýükleriň baryp gowuşmagyna yzygiderli ýardamlaryny berýärler.

Bu gatnaw ýurdumyzyň iň esasy logistika merkezi Etrek stansiýasynda Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hyzmatlary bilen ýükleme-düşürme işleri arkaly türkmen wagonlaryna geçirilip, Owganystanyň Turgundy demirýol stansiýasyna ugradyldy.

Ýakynda, Türkiýe Respublikasyndan Türkmenistanyň üsti bilen Owganystanyň arasynda yzygiderli ýük gatnawlarynyň ýola goýulmagyna garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

TULM Gazagystanyň üsti bilen Hytaýdan Eýrana konteýner gatnawyny ýola goýdy
Türkmen wekiliýeti Brýusselde öz işine başlan maýa goýum forumyna gatnaşýar
TULM Türkmenistan bilen Ýewropanyň arasynda ýük daşamalary üçin ýeňillikli nyrhlary girizdi
TULM AGPJ gurnamagynda MNG Airlines Türkmenbaşy Halkara howa menzilinden multimodal gatnawy amala aşyrdy
Işewürlik-daýjest: 21 27-nji noýabr aralygynda Türkmenistanyň esasy ykdysady täzelikleri
TULM we COSCO SHIPPING Group hyzmatdaşlygy ýola goýmak meýilleşdirýär