“Balkan” gämi gurluşyk zawody iki sany gury ýük gämisini gurar

“Balkan” gämi gurluşyk zawody iki sany gury ýük gämisini gurar

“Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti (AGPJ) “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi üçin iki sany gury ýük gämisini gurar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmendeňizderýaýollary” agentligine iki sany gury ýük gämisini gurmak barada “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berýän Karara gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Bu resminama Türkmenistanyň ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek maksady bilen kabul edildi.

“Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň umumy meýdany 166. 000 inedördül metre barabar bolup, zawodyň önümçilik kuwwaty ýylda 10.000 tonna polady işläp, halkara ölçeglerine gabat gelýän häzirki zaman tehnologik enjamlaryň we awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň peýdalanylmagy bilen 4-6 sany gäminiň gurulmagyna niýetlenendir.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda gurlan ilkinji ýük gämisi deňiz suwuna düşürildi
Russiýademirýollary (RDÝ) açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär
“Abadan haly” halylaryň täze görnüşleriniň önümçiligini ýola goýdy
KAMAZ AGPJ Türkmenistanyň edara-kärhanalaryny tirkeg ulaglarynyň isleg bildirilýän görnüşleri bilen üpjün edýär
“Türkmenaragatnaşyk” we “LS telcom AG” hyzmatdaşlyk boýunça Ähtnama gol çekdiler
Mary deri-aýakgap AGPJ-niň önümçiliginiň gerimi giňeýär