Russiýa Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üstünden Owganystana we Eýrana däne eksport etmäge gyzyklanma bildirýär

Russiýa Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üstünden Owganystana we Eýrana däne eksport etmäge gyzyklanma bildirýär

Russiýa Federasiýasynyň Rossiýskiýe železnyýe dorogi (RŽD) açyk paýdarlar jemgyýetiniň wekilleri Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri we kuwwatlylygy bilen tanyşmak maksady bilen iş saparyny amala aşyrdylar. Myhmanlar deňiz portunyň Umumy ýükler, Ürgün ýükler, Konteýner we Ýolagçy-parom terminallaryň mümkinçilikleri, ýerine ýetirýän hyzmatlary, tehnikalary bilen ýakyndan tanyşdylar. Bu barada Türkmendeňizderýaýollary agentliginiň resmi saýtynda habar berildi.

31-nji ýanwarda bolan saparyň dowamynda Russiýa Federasiýasynyň RŽD paýdarlar jemgyýetiniň wekilleri bilen Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň, Demirýollary AGPJ-niň we Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi PJ-niň wekilleriniň arasynda iş duşuşygy geçirildi. Habarda bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň ulag pudagyndaky üstaşyr mümkinçilikleri, daşary ýurt müşderiler üçin döredilýän ýeňillikler barada bellenip geçildi.

Myhmanlar, esasan-da, Mahaçkala we Astrahan portlaryndan däne önümlerini Owganystana we Eýrana ibermek mümkinçiligiň bardygyny, şunda Türkmenbaşy — Astrahan portlarynyň arasynda yzygider konteýner daşamalaryny amala aşyrmagyň mümkinçiliklerini, bu ugurda seljerme işlerini geçirýändiklerini bellediler. Geçiriljek seljermeleriň netijeleri boýunça 2024-nji ýylyň mart aýyndan deňiz ýollar arkaly Türkmenbaşy Halkara portuna ýükleri getirmäge gyzyklanma bildirýändiklerini bellediler.

Ýene degişli makalalar

FESCO (RF) we Özbegistan Türkmenistanyň çäginden geçýän üstaşyr ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk ederler
Demirýollary AGPJ halkara ýükleriň üstaşyr geçiriliş wagtyny gysgaltdy
Türkmenistanyň çäginden geçýän üstaşyr ýükleriň möçberi 3,5 esse artdy
Türkmenpoçta PAK we Demirýollary AGPJ Türkmenistanda ýük daşamalaryny ýeňilleşdirýär
Türkmenistan bilen Özbegistan “Farap/Hojadawlet-Türkmenbaşy porty” ugruny ösdürmäge gyzyklanma bildirýär
Gurbanguly Berdimuhamedow Haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň birinji mejlisini geçirdi, Arkadag şäherinde durmuş toýy tutuldy, türkmen zyýaratçylary Saud Arabystanyndan Watanlaryna dolandylar we beýleki habarlar