Demirýollary AGPJ täze hyzmaty Bir gezeklik ýapynjalary hödürleýär

Ýolagçylara hödürlenýän hyzmatlaryň hilini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen Demirýollary açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti täze hyzmaty ýagny Bir gezeklik ýapynjalary hödürleýär. Bu ädim, ýolagçylaryň has arassa we rahat syýahat ediş şertlerini üpjün etmäge gönükdirilendir.

Şeýle-de “bir gezeklik ýapynjalary” kassadan, terminaldan ýa-da onlaýn görnüşde Türkmenistan Railways ykjam goşundylarynda bilet alanda, ýapynja görnüşini saýlap alyp bilersiňiz. Ýapynjanyň bahasy bilediň umumy bahasyna goşular we satyn alyş işini ýönekeý we amatly eder.

Çeşme: railway.gov.tm

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanlylar demir ýollaryň çat açan böleklerine alada bildirýär
“Demirýollary” AGPJ bilen “Türkmen Demirýol Ekspress” HJ amatly nyrhlarda müşderilere hyzmat edýär
Türkmenistanda täze wagon abatlaýyş zawodyny gurmak meýilleşdirilýär
“Demirýollary” ýolagçy otly gatnawlarynda täze hyzmatyny işe girizýär
“RŽD Logistika” Demirgazyk-Günorta geçelgesi boýunça ýük daşamalarynyň nyrhnamalaryny peseltmegi meýilleşdirýär
“Balkan” gämi gurluşyk zawody iki sany gury ýük gämisini gurar