1-nji oýun deňlikde tamamlandy

Günorta Amerikanyň Çempionlar ligasy bolan “Libertadores” Kubogynyň finalynda taryhda ilkinji gezek 2 argentin kluby — “Boko Huniors” bilen “Riwer Pleýt” duşuşdy. “La Bombonera” diýlip, meşhurlyk gazanan stadionda oýnalan “Superklasiko” derbisiniň 1-nji oýnunda ýeňiş gazanan bolmady.

Güýçli ýagyş sebäpli wagty 1 gün soňa süýşürilen duşuşykda 34-nji minutda ýer eýeleri Ramon Abilanyň goly bilen öňe saýlandy. Ýöne myhmanlaryň ezeli bäsdeşlerine jogaby gijikmedi. 1 minutdan soň, Lukas Pratto hasaby deňledi.

Dünýäniň iň öňdebaryjy derbilerinden diýlip, görkezilýän oýnuň 1-nji ýarymynyň ahyrynda “Boko Huniors” Dario Benedettonyň goly bilen ýene bir gezek öňe çykdy.Duşuşygyň 61-nji minutynda Karlos Izkuierdosyň ýalňyşlyk bilen öz derwezesine gol geçirmeginden soň, hasap deňlendi.

Bu duşuşykdaky soňky gol boldy.Bu taryhy finalyň 2-nji duşuşygy 24-nji noýabrda Buenos Aýresiň başga bir belli stadiony “Monumentalda” oýnalar.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyl 131 Günden Bäri Gazany Bombalaýar
Ysraýyl, Gaza Sektoryny Bombalamaga Dowam Edýär
Ysraýyl 138 Günden Bäri Gazany Bombalaýar
Ysraýyl 141 Günden Bäri Gazany Bombalaýar
Ysraýyl Gonamçylygy Bombalady
Ysraýyl 152 Günden Bäri Gazany Bombalaýar
Ysraýyl 154 Günden Bäri Gazany Bombalaýar