1-nji ýarymda “Maýns”, 2-nji ýarymda “Bawariýa”

Germaniýanyň “Bundesligasynda” 14-nji tapgyryň “Bawariýa” öz meýdançasynda “Maýnsy” kabul etdi. çekeleşikli geçen oýnuň 1-nji ýarymynda 17-nji orunda barýan “Maýns” topary Burkardt (32) hem-de Hekiň (44) gollary bilen 2-0 öňe saýlandy. Ýöne 2-nji ýarymda “Bawariýa” başgaça çykyş etdi. 2-nji ýarymyň başynda Goreska bilen Suleniň oýna girmeginden soň ýer eýeleri 5 gol geçirdi.

Gollary Kimmih (50), Sane (56), Sule (70) hem-de Lewandowski (76 p, 83) derwezä girizdi.Bu ýeňişden soň “Bawariýa” liderligini dowam etdirdi.

2-nji orunda barýan “Leipsig” myhmançylykda “Ştutgarty” Daniel Olmonyň 67-nji minutdaky goly bilen 1-0 ýeňdi. “Borussiýa Dortmund” bolsa myhmançylykda “Wolfsburgdan” Akanži we Sançonyň gollary bilen 2-0 utup, çempionatdaky soňky 6 oýunda 2-nji ýeňşini gazandy. Jeýdon Sanço “Bundesligada” maý aýyndan bäri ilkinji gezek tapawutlandy.

Bundesliganyň 14-nji tapgyry: Köln Augsburg: 0-1, Arminia Borussiýa M: 0-1, Aýntraht Baýer: 2-1, Hoffenhaým Fraýburg: 1-3, Werder Union Berlin: 0-2, Herta Şalke: 3-0, Ştutgart Leipsig: 0-1, Borussiýa D Wolfsburg: 2-0, Bawariýa Maýns: 5-2.

The post 1-nji ýarymda “Maýns”, 2-nji ýarymda “Bawariýa” appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Bundesliga”, “La Liga”, “Premier Liga” şu gije başlaýar, “Türkmenistan Sport” teleýaýlymynda görkeziljek duşuşyklar
“Bundesliga” derbisiz galdy
“Bawariýa” ýene-de ýeňmek başartmady
Türkmenistan uçar kompaniýasy bilet satmak...
Ýerde ýaşan tirannozawrlaryň umumy sany anyklandy
Kras-Logistics Türkmenistanda şahamçasyny açmagy meýilleşdirýär