Geçen möwsümiň tersine

Germaniýanyň çempionaty “Bundesligada” “Baýere” geçen möwsümdäki ýaly ýeňiş gazanmak ýeňil düşenok. Çabi Alonsonyň şägirtleri geçen möwsümde soňky minutlarda bolsa-da, ýeňiş gazanmagy başarýardy.Topar 15-den köp duşuşykda soňky minutlarda geçiren gollary esasynda ýeňiş gazanypdy ýa-da ýeňlişden halas bolupdy. Ýöne bu möwsümde bu ýagdaýyň tersi dowam edýär.

Myhmançylykda “Bohum” bilen duşuşan “Baýer” 18-nji minutda Patrik Şikiň goly bilen öňe geçdi. Ýöne lewerkuzenliler duşuşygyň 89-njy minutynda ýeňşi elden giderdi. Şu möwsümde ýeňiş gazanyp görmedik “Bohum” toparynyň adyndan hasaby deňlän goly Miýoşi geçirdi. “Baýer” topary şu möwsümde eýýäm 3-nji gezek soňky minutlarda gol geçirdip, ýeňşi elden giderdi.

Bu deňlik lewerkuzenlileriň çempionatyň çäginde soňky 6 duşuşykdaky 5-nji deňme-deňligidir.

Myhmançylykda ýene bir ýeňliş

Sanawyň lideri “Bawariýa” bolsa Jamal Musialanyň ajaýyp goly bilen “Sankt-Paulini” 1-0 hasabynda utdy. Şu möwsümde öz meýdançasynda ýeke utuk hem ýitirmän gelýän “Borussiýa Dortmundyň” myhmançylykdaky şowsuzlygy dowam edýär. “Maýnsdan” 3-1 hasabynda asgyn gelen “Borussiýa Dortmund” myhmançylykda bassyr 4-nji duşuşygynda ýeňildi. 2-nji ýerdäki “Leipsig” hem öz meýdançasynda “Borussiýa M” bilen golsuz deňme-deň oýnady.

Union Berlin Fraýburg: 0-0,

Werder Holştaýn: 2-1 (Stage 36, Berk 90 Harres 48),

Maýns Borussiýa D: 3-1 (Li Je Son 36, Burkardt 45+3, Nebel 54 Girassi 40 p),

Bohum Baýer: 1-1 (Miýosi 89 Şik 18),

Sankt-Pauli Bawariýa: 0-1 (Musiala 22),

Leipsig Borussiýa M: 0-0,

Augsburg Hoffenhaým: 0-0,

Ştutgart Aýntraht: 2-3 (Wagnoman 86, Woltemade 90 Ekitike 45, Braun 56, Marmuş 62),

Haýdenhaým Wolfsburg: 1-3 (Piringer 64 Gerhardt 3, Dardai 42, Tomaş 90)

Ýene degişli makalalar

“Bawariýanyň” ýeňlişsiz ýörişini koreýaly Son soňlady
Ýeňlişsiz diňe “Bawariýa” galdy
“Bawariýany” durzup bolanok, 15 oýundan bäri ýeňiş gazanyp gelýär
12 minutda 3-0 öňe geçse-de, ýeňlişe sezewar boldy
“Barselonadan” utulanynyň ahmyryny “Bohumdan” çykardy
1-nji ýarymda “Maýns”, 2-nji ýarymda “Bawariýa”