Germaniýanyň çempionatynda 12-nji tapgyrda 90-njy minutdan soň geçirilen gollar köp bolup, şol gollar toparlara ýeňiş getirdi.Sanawyň ýeňlişsiz lideri “Bawariýa” öz meýdançasynda “Sankt-Pauli” topary bilen duşuşyp, myhmanlar 6-njy minutda Huntodžiniň goly bilen öňe geçdi. Ýer eýeleri 44-nji minutda Gerreýronyň takyk urgusy bilen hasaby deňläp, olara ýeňiş gollaryny 90-njy minutdan soň geçirmek başartdy.
Şonuň ýaly “Haýdenhaým” myhmançylykda “Union Berlini” ýer eýeleriniň öňe geçendigine garamazdan, 90-njy minutdan soň geçiren gollary bilen ýeňmegiň hötdesinden geldi.
Öz meýdançasynda “Ştutgart” bilen duşuşan “Hamburg” hem 90+4-nji minutda Wieiranyň goly esasynda ýeňşini baýram etdi.
“Aýntraht” bolsa öz meýdançasynda “Wolfsburgy” kabul edip, Batşuaýiniň 90+6-njy minutda 11 metrlik jerime urgusynda salan goly bilen ýeňlişden halas boldy.
“Baýer” bilen “Borussiýa Dortmund” toparlarynyň arasyndaky oýunda myhmanlar 2-1 hasabynda ýeňiş gazandy.
12-nji tapgyryň netijeleri:
Borussiýa M Leipsig: 0-0,
Hoffenhaým Augsburg: 3-0 (Ture 16, Burger 26, Seziger 45 ö.d.),
Union Berlin Haýdenhaým: 1-2 (Hedira 43 Şimmer 90, Şöppner 90+5),
Werder Köln: 1-1 (Fridl 22 El Mala 90+1),
Bawariýa Sankt-Pauli: 3-1 (Gerreýro 44, Diaz 90+3, Jekson 90+6 Huntondži 6),
Baýer Borussiýa D: 1-2 (Kofane 83 Anselmino 41, Adeýemi 65),
Hamburg Ştutgart: 2-1 (Glates 17, Wieira 90+4 Undaw 54),
Aýntraht Wolfsburg: 1-1 (Batşuaýi 90+6 p Zenter 67),
Fraýburg Maýns: 4-0 (Kübler 12, Grifo 26, Manzambi 50, Osterhage 90)