Bundesliga birinji tapgyr: Azmunyň topary ýeňildi

Bundesliga birinji tapgyr: Azmunyň topary ýeňildi

6-njy awgustda Germaniýanyň bundesligasynyň birinji tapgyryndan orun alan birnäçe duşuşyklar geçirildi.Hem günüň, hem tapgyryň merkezi duşuşygy hasaplanylýan Borussiýa (Dortmund) bilen Baýeriň arasyndaky gapma-garşylykda oýnuň ykbalyny ýeke-täk gol çözdi.

Ol gol 9-njy minutda Marko Roýs tarapyndan derwezä gönükdirilip, ýer eýelerine üç utugy sowgat etdi.Baýeriň düzümindäki türkmen asylly eýranly hüjümçi Serdar Azmun 66-njy minutda Kerem Demirbaýyň ýerine oýna girdi.

Azmunyň girmegi bilen myhmanlaryň hüjümleri has ýitileşdi, emma lewerkuzenden gelen oýunçylara hasaby deňlemek başartmady.

Şenbe güni oýnalan oýunlaryň netijeleri:

Bohum1-2 Maýnz;

Augsburg 0-4 Fraýburg;

Wolfsburg 2-2 Werder;

Union 3-1Gerta;

Borussiýa (Mýunhengladbah) 3-1 Hoffenhaým;

Borussiýa (Dortmund) 1-0 Baýer.

Şu gün geçiriljek duşuşyklar:

Ştutgart-Leýpzig;

Kýöln-Şalke 04.

Ýene degişli makalalar

ÝL çärýek final: Serdar Azmunyň golly pasy Baýeri ýeňlişden halas etdi
Serdar Azmun Baýeri ýeňlişden halas etdi
Arkadag şäherinde täze demir ýol menzili we awtomenzil gurlar, Londonyň howa menzili Türkmenistana uçuşlaryň tertibini köpçülige ýetirdi, Serdar Berdimuhamedow Ärdogany doglan güni bilen gutlady we beýleki habarlar
Azmun Baýeriň düzüminde bassyr ikinji oýunda gol urdy
3-nji liganyň wekili “Bawariýany” kubok ýaryşyndan çykardy
Baýer ýene-de ýeňdi, Azmun ýene-de gol urdy