Çärýek finalçylar belli boldy

Germaniýanyň Kubogy ýaryşynda 1/8 finalyň oýunlary geçirilip, çempionatda utulan “Baýer” myhmançylykda “Borussiýa Dortmundy” Mazanyň 34-nji minutdaky goly bilen ýeňdi we güýçli garşydaşyny ýaryşdan çykardy. “Bawariýa” Berlinde “Union” bilen duşuşdy. 3-2 hasabynda ýeňiş gazanan münhenlileriň 2 pökgüsi awtogol boldy.

Duşuşykda ýer eýelerinden Kuerfeld (40 p, 55 p), myhmanlarda Ansah (12 ö.d.), Keýn (24), Leite (45+4 ö.d.) tapawutlandy.

1/8 finalyň duşuşyklary:

Herta Kaizerslautern: 6-1,

Borussiýa M Sankt-Pauli: 1-2,

Leipsig Magdeburg: 3-1,

Borussiýa D Baýer: 0-1,

Fraýburg Darmştadt: 2-0,

Bohum Ştutgart: 0-2,

Hamburg Holştaýn Kiel: 1-1 (2-4 p),

Union Berlin Bawariýa: 2-3

Ýene degişli makalalar

Keýniň taryhy statistikasy
“Bawariýany” durzup bolanok, 15 oýundan bäri ýeňiş gazanyp gelýär
90-njy minutdan soň gelen ýeňişler
“Barselonadan” utulanynyň ahmyryny “Bohumdan” çykardy
Ýeňlişsiz diňe “Bawariýa” galdy
12 minutda 3-0 öňe geçse-de, ýeňlişe sezewar boldy