Top-5 çempionatlarynyň düýnki oýunlary barada gysgaça

Top-5 çempionatlarynyň düýnki oýunlary barada gysgaça

Düýn Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlarynda birnäçe üns çekiji oýunlar geçirildi. Olaryň käbiri iki güýçli toparyň gapma-garşylygy hökmünde ünsi çeken bolsa, käbirleri çempionlyga dalaş edýän toparlaryň utuk ýitirmegi bilen ýatda galdy. Şenbe agşamynyň esasy oýunlary barada gysgaça:

Angliýanyň premýer-ligasy

Angliýanyň premýer-ligasynyň 6-njy tapgyryndan orun alan Liwerpul derbisinde Ýurgen Kloppdan tälim alýan Liwerpul bu ýylky möwsümde nobatdaky gezek utuk ýitirdi.Has takygy, Ewerton — Liwerpul oýny 0:0 hasabynda deňlikde tamamlandy.

Tapgyryň çäklerinde London derbileriniň hem ikisi geçirilip, olaryň ikisinde-de garaşylan taraplar ýeňiş gazandy.Tottenhem öz öýünde Fulhemi 2:1 hasabynda (Hýoýberg 40, Keýn 75 Mitrowiç 83) ýeňen bolsa, Çelsi öz öýünde edil şol hasap bilen şäherdeşi West Hemi ýeňlişe sezewar etdi.

Oýundaky gollary ýer eýelerinden 76-njy minutda Çilwell, 88-nji minutda Hawers derwezä ýollady.West Hemiň goluna 62-nji minutda Maýkl Antonio awtorlyk etdi. 6-njy tapgyryň iň esasy sensasiýasy hökmünde Mançester Sitiniň myhmançylykda Aston Willa bilen oýunda utuk ýitirmegini görkezmek bolar. 1:1 hasabynda tamamlanan şol duşuşykda Erling Holand 50-nji minutda toparyny öňe çykardy, ýöne muňa garamazdan Leon Beýliniň 74-nji minutdaky dürs urgusy bilen hasaby deňlän ýer eýeleri çempionlyga esasy dalaşgär bolan topardan utuk alyp galmagy başardylar. Ýeri gelende, düýnki netijeli hereketi bilen 6 tapgyrdan soň hasabyndaky gollary 10-a ýetiren Erling Holandyň APL-da 10 golluk sepgide iň tiz ýeten oýunçy hökmünde taryha girendigini nygtamak gerek. Şeýle-de düýn 6-njy tapgyryň çäklerinde Brentford öz öýünde Lidsi 5:2, Wulwerhepton öz öýünde Sauntgemptony 1:0, Bornmut myhmançylykda Nottingem Foresti 3:2 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Nýukasl — Krystal Pelas oýny bolsa golsuz deňlikde tamamlandy.

Italiýanyň A seriýasy

Italiýada hepdäniň merkezi oýny sözüň doly manysynda Milan derbisi boldy.Bu oýunda Milan öz öýünde Interi kabul edip, 3:2 hasabynda ýeňşini baýram etdi.Rafael Leaonyň benifisine öwrülen şol oýunda ýer eýelerinden Leao 28-nji we 60-njy minutlarda garşydaşyň derwezesini dürs nyşana aldy, 54-nji minutda Žirunyň tapawutlanmagy üçin golly pas berdi.

Myhmanlaryň düzüminde 21-nji minutda Brozowiç 21-nji minutda, Jeko 67-nji minutda tapawutlanmagy başardy.A seriýanyň 5-nji tapgyrynyň ýene bir esasy oýnunda Napoli myhmançylykda Lasiony 2:1 hasabyn ýeňmegi başardy.

Duşuşykda ýer eýeleri Zakkaniniň 4-nji minutdaky goly bilen öňe saýlanan bolsalarda, Kim Min Jeniň 38-nji, Kwarasheliýanyň 61-nji minutdaky netijeli hereketleri myhmanlara ýeňiş getirdi.Mundan başga-da düýn Ýuwentusyň 5-nji tapgyryň oýnunda Fiorentinanyň myhmany bolup, utuk ýitirendigini bellemek gerek.

Oýun 1:1 hasabynda tamamlanyp, myhmanlardan Milik, ýer eýelerinden Kuame öz adyna gol ýazdyrdy.

Germaniýanyň Bundesligasy

Bundesliganyň 5-nji tapgyryndan orun alan merkezi oýun Union Berlin — Bawariýa gapma-garşylygy boldy.Oýunda ýer eýeleri 12-nji minutda Bekkeriň goly bilen öňe saýlandylar, ýöne myhmanlar bu gola dessine Kimmihiň dürs urgusy bilen 15-nji minutda jogap gaýtarmagy başardylar.

Duşuşykda şol hasap eminiň soňky jürlewügine çenli üýtgewsiz galdy we oýun 1:1 hasabynda tamamlandy.Bundesliganyň 5-nji tapgyrynyň çäklerinde Borussiýa (Dortmund) öz öýünde Hoffenhaýmy 1:0, Fraýburg myhmançylykda Serdar Azmunyň çykyş edýän Baýerini 3:2 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Hut şol ýeňiş gazanan iki topar Bundesliganyň turnir tablisasynda 12 utuk bilen liderlik edýärler.Mundan başga-da, 5-nji tapgyrda şu netijeler hasaba alyndy: Wolfsburg — Kýoln 2:4, Ştutgart — Şalke 1:1, Bohum — Werder 0:2, Aýntraht — Leýpsig 4:0.

Ispaniýanyň La ligasy

La liganyň 4-nji tapgyrynda iň esasy oýun hökmünde Sewilýa — Barselona gapma-garşylygy dile alnypdy. Ýöne ýer eýeleri bu oýunda merkezi oýna mynasyp ýagdaýda göreşip bilmediler we oýun 0:3 hasabynda myhmanlaryň ýeňşi bilen tamamlandy.

Barselonanyň gollaryny 21-nji minutda Rafinýa, 36-njy minutda Lewandowskiý, 50-nji minutda Garsiýa derwezä ýollady.Barselonanyň esasy garşydaşy Real hem tapgyrda üç utuk gazanmagy başardy.Korollyk gwardiýasy 4-nji tapgyrda Betisiň garşysynda nyzama düzülip, 2:1 hasabynda garşydaşyndan üstün çykdy.

Reala ýeňiş getiren gollary Žunior (9) we Rodrigo (65) derwezä ýollady.Betisiň ýeke-täk jogap topy bolsa, 17-nji minutda Kanalesiň adyna ýazyldy.La Ligada tapgyryň sensasiýasy hökmünde Atletikonyň Real Sosýedadyň myhmany bolup, utuk ýitirendigini agzamak mümkin.

Bu oýunda myhmanlar 5-nji minutda Moratanyň goly bilen öňe saýlanan hem bolsalar, ýer eýeleriniň 55-nji minutda Umaryň goly bilen hasaby deňlemekleri, duşuşygyň 1:1 hasabynda deňlikde gutarmagyna şert döretdi. Şeýle-de La liganyň 4-nji tapgyryndan orun alan oýunlarda düýn şu netijeler hasaba alyndy: Selta — Kadis 3:0, Malýorka — Žirona 1:1.

Ýene degişli makalalar

5-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Klopp alty sany tälimçini işden kowdurdy
Sport syny: APL-da şenbe şüweleňi
“Liwerpul” içini sowatdy
Mançester Siti APL-de möwsümde ilkinji gezek ýeňlişe sezewar boldy
Arsenaldan ajaýyp badalga