Sport syny: uik-endiň esasy futbol wakalary

Sport syny: uik-endiň esasy futbol wakalary

Ýewropanyň top-5 çempionatlarynda uik-end wakalara örän baý boldy. Italiýada Ýuwentusyň we Interiň garaşylmadyk ýeňlişleri, Germaniýada Bawariýanyň nobatdaky şowsuzlygy, Angliýada bolsa Lesteriň masgaraçylykly hasapda derbi-dagyn bolmagy, bu sanawy näçe dowam etdirseň etdiribermeli. Turkmenportal hepde ahyrynda Ýewropa futbolunda ýüze çykan iň esasy wakalary bir ýere jemledi.

A seriýa

Italiýada ilkinji gezek elitada çykyş edýän Monsa öz öýünde Ýuwentusy 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.Birwagtlar Milany gülleden Berluskoniniň eýeçiligindäki Monsa Gýutkýeriň 74-nji minutdaky goly bilen turinlilerden minimal hasapda üstün çykdy.

Oýnuň netijesine myhmanlaryň esasy oýunçylarynyň biri Di Mariýanyň 40-njy minutda emin tarapyndan meýdançadan kowulmagynyň hem täsir etdi. Öz gezeginde bu oýnuň Ýuwentus üçin ýeňişsiz seriýadaky bäşinji duşuşyk bolandygyny bellemek gerek.

Massimilýano Allegriniň şägirtleri soňky 5 oýnuň ikisinde deň oýnap, üçüsinde ýeňildiler.Möwsümde häzire çenli 9 oýun geçiren Ýuwentus şolardan bary-ýogy ikisinde ýeňiş gazanyp bildi.Bu bolsa Allegriniň baş tälimçilik kürsüsiniň yrgyldap ugrandygyny aňladýar.

A seriýada 7-nji tapgyryň ýene bir sensasiýasy Udineze tarapyndan amala aşyryldy.Tapgyrda öz öýünde Interi kabul eden Udineze oýnuň soňky on minutlygynda urlan iki gol bilen ýeňşi öz tarapyna agdyrdy.

Oýunda hasap Interiň oýunçysy Barella tarapyndan 5-nji minutda açylan hem bolsa, aradan uzak wagt geçmänkä, has takygy, 22-nji minutda Interiň oýunçysy Şkrinýaryň awtogoly bilen hasap deňleşdi.Oýnuň 84-nji minutynda Biýol, 90+3-nji minutynda bolsa Tolgaý Arslan tarapyndan urlan gollar Udinezeniň 3:1 hasabyndaky ýeňşini kepillendirdi.

Italiýada uik-endiň merkezi oýnunda Milan San-Siroda Napolini myhman aldy.Oýun babatda ýer eýeleriniň rüstem gelen duşuşygy hasap babatda myhmanlaryň peýdasyna tamamlandy.Gollaryň ählisi ikinji ýarymda hasaba alnyp, Politano 55-nji minutda myhmanlary öňe saýlady, Žiru 69-njy minutda hasaby deňledi.

Gapma-garşylygyň ykbalyny çözen gol bolsa 78-nji minutda Simýone tarapyndan derwezä ýollandy. Şeýlelikde Milanyň içerki çempionatdaky 22 oýunlyk ýeňlişsiz seriýasyna Napoli tarapyndan nokat goýuldy.

7-nji tapgyryň ýene bir üns çekiji oýnunda Roma Atalantadan öz öýünde 0:1 hasabynda asgyn geldi.Duşuşykdaky ýeke-täk gol 35-nji minutda Skalwininiň adyna ýazyldy. Şunlukda Atalanta Napoli bilen birlikde A seriýanyň bu möwsümindäki ýeňlişsiz ýörüşini (iki toparda hem 5 ýeňiş, 2 deňlik bar) dowam edýär.

Italýan furbolunyň muşdaklary üçin ýene bir gyzykly fakt soňky 63 ýylyň içinde ilkinji gezek Ýuwentus, Milan, Inter we Roma toparlarynyň ählisi bir tapgyrda ýeňlişe sezewar boldular.

La Liga

Ispaniýada hepde ahyryndaky esasy oýun Atletiko — Real duşuşygy boldy.Bu oýun häzirki wagtda şemaly belentden öwüsýän Realyň 2:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.Realyň gollaryny Rodrigo (18) we Walwerde (35), Atletikonyň goluny bolsa Ermoso (83) derwezä ýollady.

Bu ýeňşiň Real üçin 9-njy oýundaky 9-njy üstünlikdigini aýratyn bellemek gerek. Şeýle-de La Liganyň nobatdaky tapgyrynda Barselona Elçeni 3:0 hasabynda (Gollar: Lewandowski 34, 48, Depaý 41) ýeňmegi başardy.

Wilýarreal — Sewilýa oýnunda bolsa 1:1 hasabyndaky deňlik (Gollar: Baena 51 — Torres 8) hasaba alyndy.

APL

Angliýanyň premýer-ligasynda tapgyryň sensasiýasy, şübhesiz, Tottenhem — Lester oýny boldy.Bu duşuşykda ozaldan Tottenhemiň ýeňşi çaklanan hem bolsa, Lester garaşylan ýeňlişine garaşylmadyk hasapda sezewar boldy.Oýnuň birinji ýarymy deňeçer göreşiň astynda geçip, Lesterden Tilemansyň (6) we Medisonyň (41), Tottenhemden Keýniň (8) we Daýeriň (21) gollary arkaly toparlar arakesmä deňlikde çykdylar.

Emma ikinji ýarym düýbünden başga hörpde geçip, Bentankuryň goly (47) bilen başlanan bölümde ýer eýelerinden Son Hýong Min het-trik (73, 84, 86) etmegi başardy. Şeýlelikde gutarnykly hasap Tottenhemiň haýryna 6:2 görnüşe geldi. 7 tapgyryň dowamynda öz derwezesinden 22 gezek top alyp çykan Lester bolsa bu ugurda ýaryşyň antirekordyny täzeledi.

Premýer-ligada soňky alty oýnuň ählisini ýeňliş bilen tamamlan topar milli ýygyndylar üçin dörän arakesmede uly ähtimallyk bilen Brendon Rožersiň ýerine başga hünärmen getirse gerek.Mundan başga-da, tapgyrda garaşylşy ýaly, Mançester Siti Wulwerhemptony myhmançylykda 3:0 hasabynda (Gollar: Griliş 1, Holand 16, Foden 69), Arsenal Brentfordy myhmançylykda 3:0 hasabynda (Gollar: Saliba 17, Žezus 28, Wieýra 49) ýeňmegi başardy.

Bundesliga

Bundesligada tapgyryň esasy gahrymany Augsburg boldy.Topar öz meýdançasynda Bawariýany kabul edip, Berişanyň 59-njy minutdaky goly bilen minimal hasapda ýeňiş gazandy. Şeýle-de tapgyrda Mýunhengladbahyň Borussiýasy öz meýdanynda Leýpzigi 3:0, Dortmundyň Borussiýasy öz öýünde Şalkeni 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Bundesliganyň bu möwsüminde ýeňilmedik ýeke-täk topar, turnir tablisasynyň kerwenbaşysy Union Berlin hem öz öýünde Wolfsburgdan 2:0 hasabynda üstün çykdy.

Liga 1

Fransiýanyň ýokary çempionatynda nobatdaky tapgyr rekordlar we antirekordlar bilen ýatda galdy.Tapgyryň esasy oýnunda PSŽ myhmançylykda Liony Messiniň 5-nji minutdaky goly bilen 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Şunlukda Messi özüniň arassa gollarynyň sanyny (penaltileri hasaba almanyňda) 672-ä ýetirip, bu ugurda Ronalduny we Peleni yzda galdyryp, täze rekord goýdy. Şeýle-de Nissanyň Anžeden 1:0 hasabynda ýeňlen oýnunda 9-njy sekuntda gyzyl kart gören Žan-Kler Todibo ýaryşyň bu babatdaky antirekordyny täzeledi.

Ýene degişli makalalar

Top-5 çempionatlarynyň düýnki oýunlary barada gysgaça
Çelsi ýene-de ýeňildi
APL: Üçünji tapgyr tamamlandy. Arsenal birinji, Lester iň soňky orunda
APL: Arsenal arakesmeden öň arany açdy
APL: Nýukasl ikinji orna geçdi
Arsenal birinjiligi elden bermedi