Arsenal birinjiligi elden bermedi

Arsenal birinjiligi elden bermedi

Angliýanyň premýer-ligasynyň 9-njy tapgyry dartgynly duşuşyklara baý geçdi. Şenbe güni geçirilen oýunlarda Mançester Siti Sauntgemptony Kanselunyň (20), Fodeniň (32), Mahreziň (49) we Holandyň (65) gollary bilen 4:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Şol oýun arkaly Erling Holand täze toparyndaky gollarynyň sanyny 20-ä ýetiren bolsa, Sitiniň özi APL-daky bassyr dört oýunda 4+ gol geçiren ilkinji topar boldy.

Şeýle-de Siti bu ýeňiş arkaly bir günlük bolsa-da turnir tablisasynda lidere öwrüldi.Mundan başga-da şenbe agşamynda öz öýünde oýnan toparlardan Çelsi Wulwerhemptony 3:0, Nýukasl Brentfordy 5:1, Bornmut Lesteri 2:1 hasabynda ýeňmegi başardylar. Şenbe myhmançylygyndan diňe Braýtony Keýniň 22-nji minutdaky goly bilen minimal hasapda ýeňen Tottenhem 3 utukly dolandy.

Tapgyryň merkezi oýny ýekşenbe agşamynda Arsenal bilen Liwerpulyň arasynda geçdi.Gollara we dramatiki pursatlara baý bolan oýunda turnir tablisasynyň lideri Arsenal 3:2 hasabynda (Gollar: Martinelli 1, Saka 45+5, 76.p — Nunýes 34, Firmino 53) ýeňiş gazanyp, birinjiligi özünde saklap galdy.

Liwerpul bolsa bu ýeňlişden soňra 10 utuk bilen 10-njy ýere ornaşdy.

Şeýle-de düýn Ewertonyň myhmany bolan Mançester Ýunaýted ilkibada Iwobiniň (5) dürs urgusy zerarly hasapda yzda galan hem bolsa, soň özüni dürsäp, Antoniniň (15) we Ronaldunyň (44) gollary bilen ýeňiş gazandy. Şeýle-de düýnki oýunlaryň çäginde Krystal Pelas öz öýünde Lidsi 2:1, Fulhemi myhman alan West Hem bolsa 3:1 hasabynda ýeňiş gazandy.

Tapgyryň soňky oýny şu gün 23:59-da Nottingem Forest bilen Aston Willanyň arasynda bolup geçer. 9 tapgyrdan soňra turnir tablisasynyň ilkinji bäşligi aşakdaky görnüşe eýe:

Çempionşibe düşürýän howply zonada bolsa, Wulwerhempton (9 oýun, 6 utuk), Lester (9 oýun, 4 utuk) we Nottingem Forest (8 oýun, 4 utuk) toparlaryny görmek bolýar.

Ýene degişli makalalar

APL: Üçünji tapgyr tamamlandy. Arsenal birinji, Lester iň soňky orunda
Çelsi ýene-de ýeňildi
Top-5 çempionatlarynyň düýnki oýunlary barada gysgaça
APL: Mançester Siti birinji orna geçdi
Sport syny: uik-endiň esasy futbol wakalary
APL: Arsenal arakesmeden öň arany açdy