Adatça Angliýanyň “Premier Ligasynda” her ýylyň 26-njy dekabrynda, ýagny “Boxing Day” diýlip atlandyrylýan şol günde 1 tapgyryň ähli duşuşygy (kä halatlarda 6-7-8) duşuşygy geçirilýärdi. Ýöne şu gezek şol däp bozuldy we adaty hepdelerdäki ýaly diňe 1 duşuşyk oýnaldy. Bilermenler çempionaty ýaýlyma alyp berýän telekanalyň islegi boýunça şeýle edilendigini belleýärler.
Şol oýnalan duşuşykda-da “Mançester Ýunaýted” öz meýdançasynda “Nýukasl” toparyndan 1-0 hasabynda üstün çykdy. Mankunianlara ýeňiş getiren ýeke-täk goly 24-nji minutda Patrik Dorgu öz adyna ýazdyrdy. Şunlukda, “Ýunaýted” utugyny 29-a çykardy.
APL-de 18-nji tapgyryň çäginde şu gün 7 duşuşyk geçiriler.Sanawyň lideri Arsenal öz meýdançasynda “Braýtony” kabul etse, çempion “Liwerpul” hem “Anfield”-de iň aşaky orunda barýan “Wulwerhempton” bilen duşuşar.
Duşuşykda 2 klubuň hem köýnekçesini geýen tomusda aradan çykan Diogo Žota hem ýatlanar.Duşuşyklaryň ikisi hem 20:00-da başlanar.Bu duşuşyklardan öň 17:30-da 2-nji ýerdäki “Mançester Siti” topary “Nottongam Forest” toparynyň myhmany bolar.
Tapgyryň iň esasy duşuşygy ähli ýaryşlarda 10 oýundan bäri ýeňilmän gelýän 3-nji orundaky “Aston Willa” toparynyň Londonda “Çelsi” bilen geçirjek duşuşygy hasaplanýar. “Aston Willa” bu duşuşykdan soňam ýene-de Londonda “Arsenal” bilen duşuşar. Paýtagtdaky bu 2 duşuşyk olaryň çempionlyk ýolundaky ykbalyna uly täsir eder.
Çempionatda indiki tapgyryň oýunlary 30-njy dekabrda hem-de 1-nji ýanwarda oýnalar.
27-nji dekabr
Nottingam Forest Mançester Siti (17:30)
Arsenal Braýton (20:00)
Börnli Ewerton (20:00)
Brentford Bornmut (20:00)
West Ham Fulham (20:00)
Liwerpul Wulwerhempton (20:00)
Çelsi Aston Willa (22:30)
28-nji dekabr
Sanderland Lids (19:00)
Kristal Palas Tottenham (21:30)
