FA Kubogynda 4-nji tapgyryň bijeleri çekildi

FA Kubogynda 4-nji tapgyryň bijeleri çekildi

Angliýanyň FA Kubogy ýaryşynda 3-nji tapgyrynda garaşylmadyk netijeler hasaba alyndy.Dünýäniň iň gadymy futbol ýaryşy bolan FA Kubogynda “Premier Liganyň” hem-de “EFL Championship”-iň (2-nji liganyň wekilleri 3-nji tapgyrdan başlap (1/32 final), bäsleşige goşulýar.

Geçirilen duşuşyklardan soň APL-niň 20 klubunyň 6-sy ýaryşdan çykdy. Şolaryň arasynda geçen möwsümde 120 ýyllyk taryhynda gazanan ilkinji iň uly kubogy bolan FA Kubogyň häzirki eýesi “Kristal Palas” hem bar.

London şäheriniň wekili myhmançylykda 6-njy liganyň kluby “Makklesfildden” 2-1 hasabynda asgyn geldi.Dawson hem-de Bakli-Rikketsiň gollary bilen ýeňiş gazanan “Makklesfild” 3-nji tapgyra çykanlaryň arasynda iň aşaky liga wekilçilik edýän 2 klubuň biridi. Şeýlelikde, FA Kubogynyň taryhynda 1909-njy ýyldan bäri, ýagny 117 ýyldan soň, ilkinji gezek kubogyň eýesi topar esasy esasy 4 liga degişli bolmadyk klubuň wekili tarapyndan ýaryşdan çykaryldy. Şol bir wagtyň özünde “Makklesfild” topary 2009-njy ýyldan soň “Premier Liganyň” wekiliniň derwezesinden 2 gol geçiren ilkinji “National League” kluby hökmünde hasaba alyndy.

APL-niň wekilleriniň özara duşuşyklarynyň netijesinde “Braýton” myhmançylykda “Mançester Ýunaýtedi”, “Aston Willa” hem Londonda ýerli “Tottenhamy” 2-1 hasaplar bilen ýeňdi. “Braýtona” ýeňiş getiren gollary Gruda bilen “Mançester Ýunaýtediň” ozalky hüjümçisi Welbek, şeýle-de “Aston Willany” 4-nji tapgyra çykaran gollary Buendia bilen Rojers derwezä girizdi.

“Nýukasl” bilen “Bornmutyň” arasyndaky oýnuň esasy we goşmaça wagty 3-3 hasabynda deňlikde gutaryp (Barns 50, 118, Gordon 90+5 p Skott 62, Bruks 68, Tawernier 120+2), 11 metrlik jerime urgularynyň netijesinde ýer eýeleri ýaryşy dowam etdirmäge hukuk gazandy.

2-nji ligada çykyş edýän “Reksam” topary öz meýdançasynda “Nottingam Forest” toparyny esasy wagty 3-3 hasabynda tamamlanan oýnuň netijesinde 11 metrlik jerime urgulary arkaly ýeňlişe sezewar etdi.

Soňky 40 ýylda 10 gol geçiren ilkinji iňlis kluby

“Mançester Siti” öz meýdançasynda 3-nji liganyň wekili “Ekseter” toparyny 10-1 hasabynda ýeňdi. “Mançester Siti” topary 1986-njy ýyldan bäri uly ýaryşlaryň çäginde bir oýunda 10 gol geçiren ilkinji iňlis topary hökmünde hasaba alyndy. Soňky gezek 1986-njy ýylda “Liwerpul” topary “Fulhamy” 10-0 hasabynda utupdy.

FA Kubogynda 4-nji tapgyryň bijeleri çekilip, “Liwerpul” bilen Braýton”, “Arsenal” bilen “Wigan”, “Aston Willa” bilen “Nýukasl”, “Hall Siti” bilen “Çelsi” toparlary duşuşarlar. Duşuşyklar 13-16-njy fewral aralygynda geçiriler.

4-nji tapgyryň duşuşyklary (1/16 final):

Arsenal Wigan, Aston Willa Nýukasl, Birmingem Siti Lids Ýunaýted, Börnli Mansfild Tawn, Burton Albion West Ham, Grimsbi Tawn Wulwerhempton, Hall Siti Çelsi, Liwerpul Braýton, Makklesfild Brentford, Mançester Siti Salford Siti/Swindon Tawn, Norwiç Siti West Bromwiç, Oksford Ýunaýted Sanderland, Port Weýl Bristol Siti, Southempton Lester Siti, Stok Siti Fulham, Reksam Ipswiç Tawn

Ýene degişli makalalar

“Mancester Sitiniň” 64 million funtluk täze hüjümçisi
“Premier Ligada” iň köp çykyş eden futbolçy 11-nji liganyň wekili bilen şertnama baglaşdy
“Liwerpul” bilen “Mançester Sitiniň” nobatdaky ýeňşi, “Arsenalyň” ilkinji ýeňlişi
“Mançester Siti” ýeňşi ýatdan çykardy
“Liwerpul” ahyry ýeňiş gazandy
100 gola iň çalt ýeten futbolçy