“Liwerpul” ahyry ýeňiş gazandy

Angliýanyň çempionatynda oktýabr aýyndaky ähli ýaryşlardaky duşuşyklarynda gol geçirtmezden ýeňiş gazanan “Arsenal” bu statistikasyny dowam etdirýär. Londonlylar 10-njy tapgyrda myhmançylykda “Börnlini” Gýokereş hem-de Raýsyň gollary bilen 2-0 hasabynda ýeňmegi başardy.

Soňky çempion “Liwerpul” hem şol hasap bilen “Aston Willadan” üstün çykyp, çempionatda 4 oýundan soň ilkinji ýeňşini gazandy. “Liwerpula” ýeňiş getiren gollary Mohamed Salah bilen Granweberh geçirdi. Salahyň APL-de geçiren gollarynyň sany 190-a, “Liwerpulda” geçiren gollarynyň sany bolsa 250-ä ýetdi.

Erling Holannyň 2 gol geçiren oýnunda “Mançester Siti” öz meýdançasynda “Bornmuty” 3-1 hasabynda utdy. “Mançester Ýunaýted” bolsa yzly-yzyna 3 ýeňişden soň myhmançylykda “Nottingam Forest” bilen 2-2 hasabynda deňme-deň oýnady.

London derbisinde “Çelsi” myhmançylykda “Tottenhamy” Žoao Pedronyň 34-nji minutda geçiren ýeke-täk goly bilen ýeňmegiň hötdesinden geldi.

“Fulhamdan” 3-0 hasabynda asgyn gelen “Wulwerhempton” toparynyň portugaliýaly tälimçisi Witor Pereira wezipesinden boşadyldy. “Wulwerhempton” şu möwsümde 10 oýunda ýeke gezek ýeňiş gazanyp bilmedi.

10-njy tapgyryň netijeleri:

Börnli Arsenal: 0-2 (Gýokereş 14, Raýs 35),

Braýton Lids: 3-0 (Welbek 11, Gomes 64, 72),

K. Palas Brentford: 2-0 (Mateta 30, Kollinz 51 ö.d.),

N. Forest M. Ýunaýted: 2-2 (Gibbs-Waýt 48, Sawona 50 Kazemiro 34, Diallo 81),

Fulham Wulwerhempton: 3-0 (Sessenion 9, Wilson 62, Moskera 75 ö.d.),

Tottenham Çelsi: 0-1 (Žoao Pedro 34),

Liwerpul Aston Willa: 2-0 (Salah 45+1, Grawenberh 58),

West Ham Nýukasl: 3-1 (Paketa 35, Botman 45+5 ö.d., Souçek 90+8 Mörfi 4),

Man. Siti Bornmut: 3-1 (Holann 17, 33, O’Raýli 60 Adams 25),

Sanderland Ewerton: 1-1 (Džaka 46 Ndiaý 15)

Ýene degişli makalalar

“Liwerpul” bilen “Mançester Sitiniň” nobatdaky ýeňşi, “Arsenalyň” ilkinji ýeňlişi
“Mançester Siti” ýeňşi ýatdan çykardy
“Boxing Day”-iň ýeke duşuşygynda ýeke gol
FA Kubogynda 4-nji tapgyryň bijeleri çekildi
100 gola iň çalt ýeten futbolçy
“Liwerpul” çempionlykdan daşlaşýar, “Arsenal” 11 oýundan soň ýeňiş gazanyp bilmedi