“Liwerpul” çempionlykdan daşlaşýar, “Arsenal” 11 oýundan soň ýeňiş gazanyp bilmedi

Angliýanyň çempionatynda tapgyryň merkezi oýnunda “Liwerpul” myhmançylykda “Mançester Sitiden” 3-0 hasabynda asgyn geldi.Duşuşygyň gollaryny 13-nji minutda 11 metrlik jerime urgusyndan dürs peýdalanyp bilmedik Holann (29), Niko (45+3) hem-de Doku (63) geçirdi.

Bu ýeňlişden soň “Liwerpul” 8-nji orna düşen “Liwerpul” kem-kemden çempionlykdan daşlaşyp barýar.Bu duşuşyk Pep Guardiolanyň tälimçilik karýerasyndaky 1000-nji duşuşygy bolup, 716-njy ýeňşini gazandy.

Sanawyň lideri “Arsenal” myhmançylykda “Sanderland” bilen duşuşyp, soňky minutlary ýeňşi elden giderdi. 36-njy minutda Ballardyň geçiren goly “Arsenalyň” 8 oýundan soň, 750 minutdan soň geçirden ilkinji goly boldy.

Muňa garamazdan “Arsenal” Saka hem-de Trossaryň gollary bilen 2-1 hasabynda öňe geçse-de, 90+4-nji minutda Brobbiniň goly esasynda ýeňşi elden giderdi. Şunlukda, “Arsenalyň” 11 oýunlap (soňky 8-si gol geçirtmezden) dowam eden ýeňişli ýörişi tamamlandy.

Londonda “Tottenham” bilen “Mançester Ýunaýtediň” arasyndaky duşuşyk hem çekeleşikli geçip, 90-njy minutdan soň 2 gol derwezä girdi. 2-2 hasabynda deňlikde tamamlanan oýunda ýer eýelerinden Tel (84) bilen Rişarlison (90+1), myhmanlardan Mbeumo (32) bilen De Ligt (90+6) tapawutlandy.

“Çelsi” öz meýdançasydna entek ýeňiş gazanyp görmedik “Wulwerhemptony” 3-0 hasabynda utdy.

11-nji tapgyryň netijeleri:

Tottenham Mançester Ýunaýted: 2-2 (Tel 84, Rişarlison 90+1 Mbeumo 32, De Ligt 90+6),

West Ham Börnli: 3-2 (Wilson 44, Souçek 77, Woker-Piters 87 Flemming 35, Kallen 90+7),

Ewerton Fulham: 2-0 (Geýe 45+4, Kin 81),

Sanderland Arsenal: 2-2 (Ballard 36, Brobbi 90+4 Saka 54, Trossar 74),

Çelsi Wulwerhempton: 3-0 (Gusto 51, Žoao Pedro 65, Pedro Netu 73),

Aston Willa Bornmut: 4-0 (Buendia 28, Onana 40, Barkli 77, Malen 83),

Brentford Nýukasl: 3-1 (Şade 56, Tiago 78 p, 90+6 Barns 27),

Nottingam Forest Lids: 3-1 (Sangare 15, Gibbs-Waýt 68, Anderson 90+1 p Nmeça 13),

Mançester Siti Liwerpul: 3-0 (Holann 29, Niko 45+3, Doku 63)

Ýene degişli makalalar

Niderlandlaryň düzümi mälim edildi, Wan Deýk çagyrylmady
Wan Gaal Niderlandlaryň düzümini äşgär etdi
“Liwerpul” ahyry ýeňiş gazandy
London derbisi deňlikde tamamlandy, “Liwerpul” ýeňşi ýatlady
“Arsenala” awtogollara ýeňiş getirdi
Soňky minutlarda hasaby deňlän “Çelsi” topary “Arsenaly” begendirdi