Soňky minutlarda hasaby deňlän “Çelsi” topary “Arsenaly” begendirdi

Soňky minutlarda hasaby deňlän “Çelsi” topary “Arsenaly” begendirdi

Angliýanyň çempionatynda öňdebaryjy “Arsenala” myhmançylykda “Bornmuty” ýeňmek ýeňil düşmedi. 3-2 hasabynda ýeňiş gazanan londonlylaryň gollaryny Gabriel (16) bilen Deklan Raýs (54, 71) geçirdi.

Tapgyryň merkezi oýnunda “Mançester Siti” öz meýdançasynda “Çelsi” bilen duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda ýer eýeleri Reýndersiň 42-nji minutdaky goly esasynda 1-0 hasabynda öňe saýlandy. Ýöne ruhdan düşmedik “Çelsi” topary 90+4-nji minutda Enzo Fernandesiň goly bilen hasaby deňledi. Bu deňlikden soň “Arsenal” 2-nji ýerdäki “Mançester Siti” bilen utuk aratapawudyny 6-a çykardy.

3-nji ýerdäki “Aston Willa” öz meýdançasynda “Nottingam Foresti” Watkins hem-de MakGinniň (2) gollary bilen 3-1 hasabynda ýeňip, utugyny “Mançester Siti” bilen deňlemegi başardy.

90-njy minutdan soň öňe geçse-de, ýeňşi elden giderdi

Soňky çempion “Liwerpul” myhmançylykda “Fulham” bilen duşuşdy.Oýunda ýer eýeleri 17-nji minutda Wilsonyň goly bilen öňe geçdi. “Liwerpul” bu gola 40 minutdan soň, ýagny 57-nji minutda Wirtsiň goly bilen jogap berdi.

Duşuşygyň 90+4-nji minutynda Gakpo “Liwerpuly” öňe saýlady. Ýöne 90+2-nji minutda oýna giren Harrison Rid 90+7-nji minutda hasaby deňläp, toparyny ýeňlişden halas etdi.

20-nji tapgyrda ilkinji ýeňiş

“Mançester Ýunaýtediň” myhmançylykda “Lids” bilen deňme-deň oýnan tapgyrynda iň aşaky orunda barýan “Wulwerhempton” öz meýdançasynda “West Hamy” 3-0 hasabynda ýeňmegiň hötdesinden geldi. Bu olaryň şu möwsümdäki ilkinji ýeňşi bolup, olar şol ýeňiş üçin 20 tapgyr garaşmaly boldular.

20-nji tapgyryň netijeleri:

Aston Willa Nottingam Forest: 3-1 (Watkins 45+1, MakGinn 49, 73 Gibbs-Waýt 61)

Braýton Börnli: 2-0 (Rütter 29, Aýýari 47)

Wulwerhempton West Ham: 3-0 (Arias 4, Hi Çan Hwan 31 p, Mane 41)

Bornmut Arsenal: 2-3 (Ewanilson 10, Krupi 77 Gabriel 16, Raýs 54, 71)

Lids Mançester Ýunaýted: 1-1 (Eronson 62 Mateus Kunýa 65)

Nýukasl Kristal Palas: 2-0 (Gimaraýns 71, Tiaw 78)

Tottenham Sanderland: 1-1 (Dewis 30 Brobbi 81)

Fulham Liwerpul: 2-2 (Wilson 17, Rid 90+7 Wirts 57, Gakpo 90+4)

Ewerton Brentford: 2-4 (Beto 66, Barri 90+1 Tiago 11, 51, 88, Kollins 50)

Mançester Siti Çelsi: 1-1 (Reýnders 42 Fernandes 90+4)

Ýene degişli makalalar

“Arsenal” utuk ýitirmegini dowam edýär
“Liwerpul” ahyry ýeňiş gazandy
“Liwerpul” çempionlykdan daşlaşýar, “Arsenal” 11 oýundan soň ýeňiş gazanyp bilmedi
London derbisi deňlikde tamamlandy, “Liwerpul” ýeňşi ýatlady
“Arsenala” awtogollara ýeňiş getirdi
Londonda golsuz gije